DIL ÖWRETMEGIŇ DÖWREBAP TAGLYMATY

     Bitarap Türkmenistanyň dünýä ýüzündäki abraý-mertebesi ýurduň ýaş nesliniň daşary ýurt dillerine sowatlylygy bilen hem baglydyr. Şonuň üçin hem, Gahryman Prezidentimiz ýurdumyzyň okuw mekdeplerinde daşary ýurt dillerini okatmagyň hilini ýokarlandyrmaga we netijeliligini artdyrmaga aýratyn üns berýär.

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly hem öňdengörüjilikli syýasaty esasynda dil bilimine berilýän üns aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. Diňe bir öz milli dilimizi öwrenmek däl-de, dünýä dillerini öwrenmek meselesi hem örän aýdyňlygy we ähmiýetliligi bilen çözülýär. Bu ugurda üç dilliligi ösdürmek taglymaty öňe sürlüp, degişli çäreler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda hereket edýän mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, ýokary okuw jaýlarynyň ählisinde daşary ýurt dilleri öwrenilýär. Bu ugurda esasan iňlis we rus dilleriniň ýokary derejede geçilmegi türkmen ýaşlarynyň daşary ýurt dillerinde erkin gürlemeklerine, olaryň köpugurly bilim almaklaryna gönükdirilendir. Daşary ýurt dillerini bilmek üçin bolsa, ilki öz ene diliňi bilmek esasy şertleriň biridir. Şu ýerde türkmen ýaşlarynyň üç dili bilmeklerini gazanmak bilen çäklenmän, hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary netijesinde türkmen ýaşlaryna nemes we ýapon dillerini öwretmeklik işine hem badalga berlendigi bellärliklidir. Döwrüň ösmegi, özgermegi Watanymyzyň halkara giňişligindäki abraý-mertebesiniň barha giňelmegi, dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklarynyň has-da ýygjamlaşmagy, daşary syýasatymyzyň dabaralanmagy daşary ýurt dillerini özleşdirmekligi we öwrenmekligi talap edýär. Çünki, Arkadagly Gahryman Serdarymyz türkmen ýaşlarynyň döwre mynasyp sowatly bolmaklaryny gazanmaklyga aýratyn üns berip, bu ugurda taýsyz tagallalary amala aşyrýar we bizden oňyn netijelere garaşýar.

 

Serwi AMANOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

S.Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

20 Noýabr 2024 | 0 okalan

DIL ÖWRETMEGIŇ DÖWREBAP TAGLYMATY

20 Noýabr 2024 | 2 okalan

TÄSIRLI GEÇEN DUŞUŞYK