Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap Geňeşiniň, etrap bilim bölümi bilen bilelikde guramagynda halkara Bitaraplyk güni mynasybetli TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde tassyklan düzgünnamasy esasynda, ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 3-5-nji synplarynda okaýan okuwçy oglanlarynyň arasynda «Merdana nesil-2024» atly şadyýan bäsleşiginiň etrap tapgyry geçirildi.
Bäsleşik üç şertden ybarat bolup, ähli şertler boýunça etrabyň orta mekdeplerinden gelen okuwçy oglanlar çykyşlary ýerine ýetirdiler. Şeýlelikde daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 19-njy orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Baýramgeldiýew Osman 1-nji orna, 17-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Baýramsähedow Paýhas 2-nji orna mynasyp bolup, bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Ýeňijilere TMÝG-niň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Bäsleşigiň ahyrynda ajaýyp durmuşda ýaşamaga döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.
Gülruh NAZAROWA,
TMÝG-niň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.