Milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, deňhukuklylyk ýörelgeleri ýurdumyzyň goňşy we dünýä döwletleri hem-de iri halkara guramalary bilen ýola goýýan gatnaşyklaryna oňyn itergi berýär. Bu babatda Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygyna möhüm orun degişlidir. Bitarap döwletimiziň bu abraýly halkara guramasynyň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen ösdürýän hyzmatdaşlygy sebitde we dünýäde ählumumy durnuklylygyň üpjün edilmegi üçin oňyn şertleriň döredilmegine hem-de ýokary derejedäki durmuş-ykdysady ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilendir.
Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň birnäçe gezek wise-başlyklygyna saýlanmagy, Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlary üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň açylmagy, Türkmenistanyň iri halkara guramalarynyň agzalygyna, ilkinji nobatda bolsa, BMG-niň ýolbaşçy düzümlerine yzygiderli saýlanmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistanyň öňe sürýän wajyp halkara başlangyçlary häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň çözgüdini tapmaga, birek-birege düşünişmek gatnaşyklarynyň, ählumumy howpsuzlyk we durnuklylyk esaslarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna gönükdirilendir.
Berkarar döwletimiz ynsanperwerlik we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine yzygiderli eýermek bilen, bu parahatçylyk söýüjilikli syýasaty daşary ýurtlar bilen özara gatnaşyklarda hem üstünlikli durmuşa geçirýär. Hut şoňa görä-de, ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesi sebitde hem-de dünýäde ýagdaýlary durnuklaşdyrmaga, syýasy, ykdysady, ynsanperwer we ekologiýa häsiýetli möhüm meseleler çözülende döwletleriň hem-de halkara guramalaryň netijeli hyzmatdaşlyk etmegini höweslendirmäge oňyn täsir edýän gural hökmünde özüni aýdyň ýüze çykýar. Dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny yzygiderli pugtalandyrýan Arkadag Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys.
Laçyn BERDIÝEWA,
Akdepe etrap häkimliginiň hünärmeni,
etrap ýaşlar guramasynyň derňew toparynyň başlygy.
“Nesil” gazeti,
27.05.2017ý.