ZENAN GÖRKI EDEPDIR

     Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Tejen etrap Geňeşiniň hem-de etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda etrabyň medeniýet öýünde edara-kärhanalarda zähmet çekýän zenanlaryň, mährem eneleriň, ýaş gelin-gyzlaryň gatnaşmagynda «Zenan görki edepdir» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Ene-mamalarymyzdan gelýän asylly ýol-ýörelgeleri wagyz-nesihat etmek maksady bilen geçirilen duşuşykda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe maşgalanyň durmuşymyzdaky ornuny pugtalandyrmak, türkmen halkyna gadymyýetden mahsus bolan maşgala gymmatlyklaryna eýermek bilen bagly edilýän tagallalaryň ähmiýeti hakda durlup geçildi. Çykyş edenler bu gün ýurdumyzda gelin-gyzlaryň bilim almagy, zähmet çekmegi, ýurdumyzyň ösüşlerine goşant goşmagy ugrunda giň şertleriň bardygyny bellemek bilen, maşgala mukaddesligi, arassa ahlaklylyk, agraslyk ýaly asyrlarboýy türkmen zenanynyň süňňüne siňen gözel häsiýetleri ündediler.

     Duşuşyga gatnaşanlar hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň zenanlar hakda edýän aladalaryna päk ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Aýnagözel ANNAMYRADOWA,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Tejen etrap

Geňeşiniň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni,

Meňzeş habarlar