Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda etrabyň Gämi obasynyň medeniýet öýünde «Merdana nesil — 2024» atly şadyýan bäsleşigiň etrap tapgyry geçirildi.
Etrabyň umumybilim berýän mekdeplerinden gelen 3-5-nji synp okuwçy oglanlar gezekli-gezegine sahna çykyp, bäsleşigiň şertleri esasynda çykyş etdiler. Olaryň türkmen halkyna mahsus merdanalygy, ata-babalarymyzyň gahrymançylykly, synmaz ruhuna belent sarpasyny, ýürek buýsançlaryny çeper sözleriniň üsti bilen beýan etmegi, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanylýan ajaýyp ösüşleri, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy joşgunly aýdym-sazlarynda wasp etmegi hemmelerde göwün göteriji duýgulary döretdi.
Merdana nesliň baýramçylyk sahnasynda ýerine ýetiren çykyşlaryna eminler tarapyndan mynasyp baha berlip, bäsleşigiň ýeňijileri kesgitlendi. Şeýlelikde, «Merdana nesil — 2024» atly şadyýan bäsleşigiň etrap tapgyrynda etrapdaky 44-nji orta mekdebiň okuwçysy Döwrengeldi Oraznazarow I orna, 2-nji orta mekdebiň okuwçysy Elzar Tirkeşmyradow II orna mynasyp bolup, welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Ýeňijilere we bäsleşige gatnaşan beýleki okuwçy oglanlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň hormat hatlary we ýörite sowgatlary gowşuryldy.
Orazjemal ÝOLDAŞOWA,
TMÝG-niň Ahal welaýatynyň
Ak bugdaý etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.