MILLI MIRASYMYZY ÖWRENMEK – GEÇMIŞE SYÝAHAT ETMEK

      Golaýda şeýle mazmunly şygar bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi etrabyň bilim we medeniýet bölümleri bilen bilelikde, etrabyň H.Myradow adyndaky geňeşliginde ýerleşýän muzeýde gezelenç çäresini gurady. Okuwçy ýaşlary milli ruhda terbiýelemek, olary geçmiş taryhymyz bilen bagly maglumatlar bilen ýakyndan tanyşdyrmak, olaryň milli mirasymyzy çuňňur öwrenmeklerini gazanmak maksady bilen geçirilen gezelenç çäresine 57-nji orta mekdebiň ýokary synp okuwçylary we mugallymlary gatnaşdylar. Gezelenç çäresiniň dowamynda muzeý işgärleri muzeýiň döreýiş taryhy, ondaky eksponatlar we suratlar barada gyzykly gürrüňleri berdiler.

     Gezelenç çäresine gatnaşyjylar milli mirasymyzy, gymmatlyklarymyzy, geçmiş taryhymyzy öwrenmeklige giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

Kamolbek SOBIROW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Görogly etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.