Ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän ýaşlar syýasatyny ilatyň arasynda wagyz-nesihat etmek maksady bilen Kerki etrap häkimliginde dabaraly maslahat geçirdik. «Berkarar döwletiň daýanjy ýaşlar» diýen at bilen geçirilen bu maslahata Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kerki etrap Geňeşiniň işgärleri we agzalary, etrabyň edara-guramalarynda zähmet çekýän ilkinji ýaşlar guramalarynyň işjeň agzalary gatnaşdylar.
Maslahatda ýurdumyzda ýaşlaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda durmuşa geçirilýän işlere, asyrlara barabar özgertmelere bagyşlanan çykyşlara giň orun berildi. Bagtyýar ildeşlerimiz Watanymyzyň daýanjy hasaplanýan ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary, hünär eýeleri bolup ýetişmekleri ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize hoşallyklaryny beýan etdiler.
Maslahatyň dowamynda etrabyň medeniýet bölüminiň işgärleriniň aýdym-sazly çykyşlaryna hem tomaşa edildi. Şeýle hem ýylyň dowamynda jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşan, ýurdumyzyň ykdysady, syýasy we medeni galkynyşynyň beýgelmegine goşant goşant ilkinji ýaşlar guramalarynyň işjeň agzalaryna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi tarapyndan baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy.
Oýdin AŞIROWA,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Kerki etrap
Geňeşiniň sanly ulgam boýunça hünärmeni.