TÜRKMENISTANLY TALYP «TÜRKI HALKLARYŇ IŇ GOWY TALYBY» DIÝEN ADA MYNASYP BOLDY

     S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby Dawut Döwletow Gazagystanda geçirilen abraýly bäsleşikde «Türki halklaryň iň gowy talyby» diýen ada mynasyp boldy. Bu bäsleşik Gazagystanyň «Bilim-orkenieti» atly milli innowasion ylmy-barlag merkezi tarapyndan guralyp, türki halklaryň ýurtlaryndan gelen gatnaşyjylary bir ýere jemledi.

     Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berlişine görä, Dawut Döwletow bäsleşige örän üstünlikli gatnaşdy. Onuň hödürlän materiallary sport, döredijilik we ylym boýunça gazanan üstünliklerini öz içine aldy. Bäsleşigiň eminler topary Dawudyň dzýudo we jiu-jitsu boýunça sport ýaryşlarynda gazanan diplomlaryna, poeziýa eserlerine, döwlet we halkara derejesindäki bäsleşiklerde gazanan medallaryna ýokary baha berdiler.

     «Meniň üçin Türkmenistanyň adyndan çykyş etmek uly hormat. Bu ýeňiş meniň çeken zähmetimiň miwesi, maşgalamyň, mugallymlarym we dostlarymyň goldawynyň netijesidir» diýip, Dawut ýeňşi bilen bagly pikirini paýlaşdy.

 

22.11.2024ý.

turkmenportal.com

Öňki makala

BILIM – BAGTYŇ AÇARY

Meňzeş habarlar