BAGBAN

     Bir kazy bardy. Ol kazy bir oglana: «Sen meniň bagyma bagban bol. Maňa seniň hyzmatyň şol bolsun» diýdi. Oglan hem işi bilen boluberdi. Ondan soň köp wagt geçdi. Bir gün kazynyň öýüne köpsanly myhman geldi. Kazy ol myhmanlary bagyna alyp bardy. Myhmanlar baga geldiler. «Eý, oglan, myhmanlara üzüm alyp gel» diýip, ol bagbanyna sargady. Oglan onuň aýdyşy ýaly, üzüm alyp geldi. Myhmanlar üzüm iýdiler, ýöne üzümiň hiç hili tagamy ýokdy. Myhmanlar: «Bu üzümiň tagamy ýok eken» diýdiler. Kazy: «Eý oglan, süýji üzümlerden getir» diýdi. Oglan: «Eý kazy, men üzümiň süýjüsi haýsy, turşusy haýsy, bilmeýärin» diýdi. Kazy geňirgendi: «Sen bu bagda ençeme wagtdan bäri bagbanlyk edip ýörsüň, hiç üzüm datmadyňmy?» Onda oglan: «Eý, kazym! Siz maňa «Bu baga bagban bol» diýdiňiz. Bu bagdan üzüm iý diýmediňiz ahyry» diýdi. Kazy: «Hawa, diýmedim» diýdi. Ol oturan ulamalar we jemi halaýyklar muňa haýran galdylar. Kazy myhmanlaryny ugradyp, öýüne geldi. Kazy bagbany çagyrdy we oňa ähli mal-mülküni bagyş etdi. Gyzyny hem oňa nikalap berdi.

 

GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ

«TÜRKMENIŇ DÖWLETLILIK ÝÖRELGESI» KITABYNDAN

Öňki makala

ÇÖLDÄKI WAKA

Meňzeş habarlar

25 Noýabr 2024 | 0 okalan

BAGBAN

22 Noýabr 2024 | 6634 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 1954 okalan

BAHYL ADAM