BÄSLEŞIK RUHUBELENTLIGE BESLENDI

     Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda Gökdepe şäherindäki Medeniýet köşgünde «Merdana nesil-2024» atly şadyýan bäsleşigiň etrap tapgyry egsilmez ruhubelentlikde geçdi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan Düzgünnama esasynda Halkara Bitaraplyk güni hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllygy mynasybetli yglan edilen bu bäsleşigiň nobatdaky tapgyryna etrapdaky orta mekdepleriň 3-5-nji synplarynda okaýan okuwçy oglanlar gatnaşdy. Şadyýan bäsleşige gatnaşyjylar türkmen halkyna mahsus merdanalygy, ata-babalarymyzyň gahrymançylykly, synmaz ruhuna belent sarpasyny, ýürek buýsançlaryny çeper sözleriň üsti bilen beýan etseler, hormatly Prezidentimiziň esaslandyran Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan uly ösüşleri, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy aýdym-sazly çykyşlaryň üsti bilen wasp etdiler. Olaryň ýerine ýetiren degişme sahnalary hem gyzgyn garşylandy.

     Eminler toparynyň gelen netijesi boýunça etrapdaky 19-njy orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Halyl Kakadurdyýew I, 33-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Aýdogdy Aýdogdyýew II, 29-njy orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Ýakyp Ýazgeldiýew III orunlara mynasyp bolmagy başardylar. I-II orunlary eýelän oglanlar bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bäsleşigiň ahyrynda TMÝG-niň Gökdepe etrap Geňeşi tarapyndan bäsleşigiň ýeňijilerine hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

 

Ogultäç GURTGELDIÝEWA,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap

Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 1534 okalan

BÄSLEŞIGIŇ KAKA ETRAP TAPGYRY

26 Noýabr 2024 | 611 okalan

BÄSLEŞIK RUHUBELENTLIGE BESLENDI

25 Noýabr 2024 | 1940 okalan

BÄSLEŞIGIŇ KAKA ETRAP TAPGYRY