«ALMANY GÖGE ZYŇ...»

     Nusaý şäheriniň gül öwüsýän jülgelerinde ençeme ýyl oturan çynarlardanam beýik, kaşaň binalar bar ekeni. Özüni oňarýan Nusaý begleri şolar ýaly ymaratlary salyp, olary hem uly bag-bakjalyga büräpdirler. Erleň beg özüne göwni ýetýän Nusaý beglerinden kem galmajak bolup, dagyň etegindäki ýapgytda diwarlary haşamlanyp, owadan şekiller çekilen ymaratyň gurluşygyna başlamagyň hyýalyna münüpdir. Nyşapurdan atly ussalary çagyryp, binanyň içki diwarlaryny pöwrize daşy bilen bezäpdir. Gurluşygyň haýal gitmesi onuň keýpini gaçyrypdyr. Ol öz täze köşgüniň gurluşygyny tiz wagtda tamamlamak üçin, berk kadalary girizipdir. Gurluşyga gijä galyp gelen işçilere jeza beripdir. Gurban atly bir pukara ýigit hem şu gurluşykda kerpiç örüji ekeni. Bir günem ol enesiniň ýaramaýanlygy zerarly, gurluşyk ýerine gijä galyp gelýär. Täze köşgüni tiz görmek höwesi bilen huşy başyndan uçan Erleň beg oňa:

     – Sen meniň gijä galýanlary uzakly günki hakyndan, azyk-owkadyndan kesýändigimden, olary gijesi bilen işlemäge-de alyp galýanlygymdan habaryň ýokmudy?! – diýip, haýbat atýar. Gurban:

     – Beg aga, meniň habarym bar. Ýöne bir garry enem bardy. Şol ýaramady. Men onuň üçin tebip çagyrmaly boldum. Häzir meni bu günki azyk-owkadymdanam kesäýseňiz, enem hor bolar. Men öz iýjegimden kesip, oňa alyp barýardym, gazanan teňňäme bolsa, däri-derman alýardym – diýip, rehim etmegini soraýar. Erleň beg:

     – Sen ýaly ýaltalar zerarly, men wagtynda köşgüme girip bilmeýärin. Men Nusaýyň ähli begleriniň öňünde şu köşkde uly meýlis guramak barada aýdanyma eýýäm ýyl dolup barýar. Olar maňa wadaňda wepa ýok diýip, eýýäm gyjytly gep aýdyp başladylar. Sen ýaly ýalta dözmezçilik edip, öňem şu güne düşdüm. Bolmasa, bireýýäm täze köşgüme göçüp gelmelidim – diýip, gazaply jogap berýär. Gurban çäresiz halda:

     –Begim, «Almany göge zyň, ýere düşýänçä, ýa pelek» diýleni. Näme etseň kaýyldyryn – diýip, gussa batýar. Erleň beg onuň sözüne kinaýaly gülýär-de:

     – «Ýa pelek»-mi, ýa dälmi, ynha ony bileris – diýýär. Nökerleriniň birine sebedi dolduryp alma getirmegi tabşyrýar. Salym geçmänkä, oňa bir sebet alma getirip

berýärler.

     – Hany, men şuny zyňaýyn, onsoň senem gör, «Ýa pelek»-mi, ýa dälmi – diýip, ol sebetden bir almany alýar-da, ony ýokary zyňýar. Şolbada hem sarç bedew çarpaýa galýar. Beýle oýunlara garaşmadyk Erleň beg atyndan ýykylýar-da, boýny oňrulýar. Gurban hem öňküsi ýaly arkaýyn işläp, jezadan halas bolýar.

 

GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ

«TÜRKMENIŇ DÖWLETLILIK ÝÖRELGESI» KITABYNDAN

Öňki makala

BAGBAN

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 31 okalan

«ALMANY GÖGE ZYŇ...»

25 Noýabr 2024 | 91 okalan

BAGBAN

22 Noýabr 2024 | 6718 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA