ÝAŞLARYŇ KITABA BOLAN SÖÝGÜSI ARTÝAR

     Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň guramagynda welaýat kitaphanasynda hem-de Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynda ýaşlaryň kitaba bolan söýgüsini artdyrmak, milli mirasa sarpa goýmak ýaly oňat häsiýetleri wagyz etmek maksady bilen döredijilik duşuşyklary, kitap sergileri we söhbetdeşlikler geçirildi. Ýaşlar teatr artistleriniň Gahryman Arkadagymyzyň «Mertler Watany beýgeldýär» atly kitaby esasynda taýýarlan sahna oýunlaryna tomaşa etmek bilen, beýik şahsyýetlerimiziň mertlik-merdanalyk, akyl-paýhaslylyk ýaly gylyk-häsiýetlerini özlerine nusga edinmäge mümkinçilik aldylar. Çärelerde ýaşlaryň kitaba bolan söýgisi, watana bolan beýik duýgulary has-da aýdyň beýanyny tapdy.

     Geçirilen çäreleriň dowamynda oňa gatnaşanlar ýaş nesliň aýdyň geljegi ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

Guwanç ÇENDIROW,

TMÝG-niň Balkan welaýat

Geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty.

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 20 okalan

«MERDANA NESIL – 2024»

26 Noýabr 2024 | 33 okalan

ÝAŞLARYŇ KITABA BOLAN SÖÝGÜSI ARTÝAR

21 Noýabr 2024 | 66 okalan

«MERDANA NESIL-2024»