Her bir ýurduň geljegi ýaşlaryň bagtyýarlygy we sazlaşykly ösüşi bilen kesgitlenýär. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli gowulandyrmak, geljegimiz bolan ýaş nesillerimiziň beden, aň-bilim, ruhy-ahlak, durmuş taýdan hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini üpjün etmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
2024-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramasynyň binasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýolbaşçysynyň hem-de BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Jalpa Ratnanyň gatnaşmagynda geçirilen duşuşykda hem bu babatda alnyp barylýan işlere aýratyn ähmiýet berildi.
Duşuşygyň çäklerinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy ýokary derejeli myhmany ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesiller barada döredilýän mümkinçilikler barada tanyşdyrdy.
Şeýle-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan ýaş nesilleriň arasynda geçirilýän, ýagny «Iň eýjejik gyzjagaz», «Merdana nesil», «Gulbaba adyndaky çagalar» baýragy, «Parahatçylyk:çagalaryň sesi», «Zehinlije», «Meniň sesim», «Merjen däneleri» ýaly bäsleşikleriň täze ýiti zehinli çagalary ýüze çykarmakda uly ähmiýeti dogrusynda-da belledi.
ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy öz gezeginde Türkmenistan bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary derejede alyp barylýandygyny belläp, öz baý tejribesi barada aýdyp berdi we geljekde hem meýilnamalaýyn alyp barjak işleri barada tanyşdyrdy.
Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy alyp barmakda birnäçe özara pikirler alyşyldy we ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşyldy we onuň ahyrynda ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek we olaryň ylymly-bilimli, sagdyn, ýokary ahlakly, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji ynsanlar bolup ýetişmegi babatda giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman, dünýä nusgalyk işleriniň uly rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Selbi ATAJANOWA,
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň
Halkara hyzmatdaşlygy bölüminiň
baş hünärmeni.