MERDANA NESILLER BÄSLEŞDILER

     Döwrümiziň ajaýyp däpleriniň birine öwrülen «Merdana nesil» atly şadyýan bäsleşigi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem giň gerime eýe boldy. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilelikde tassyklan düzgünnamasy esasynda geçirilýän bu bäsleşigiň şu günler Aşgabat we Arkadag şäher hem-de welaýat tapgyrlary ýokary guramaçylykly geçirilýär.

     Hormatly Prezidentimiziň «Ýaş nesillerimiziň sagdyn, bagtyýar ösüp ulalmaklary, watançy, päk ahlakly, merdana we halal adamlar bolup ýetişmekleri biziň esasy maksatlarymyzyň biridir, ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň möhüm şertidir» diýen sözlerinden ugur alyp geçirilýän bu bäsleşigiň Arkadag şäher tapgyry hem ýokary ruhubelentlige beslendi.

     Çaga aňyna ýiti täsir etjek toý bezegleri bilen bezelen Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebiniň mejlisler jaýynda geçirilen bäsleşige şäheriň çäginde hereket edýän umumybilim berýän mekdepleriň 3 – 5-nji synplarynda okaýan okuwçy oglanlar gatnaşdylar.

     Bäsleşikde merdana nesiller üç şert boýunça özara bäsleşdiler. Birinji şertine laýyklykda oňa gatnaşyjylar türkmen halkyna mahsus bolan merdanalygy, Watana bolan söýgini, ata-babalarymyzyň gahrymançylykly synmaz ruhuna belent sarpasyny, bagtyýar zamanamyzda ýetilen belent sepgitleri, gazanylan üstünlikleri çeper sözüň üsti bilen beýan etdiler. Ikinji şertinde ýekelikde şorta sözleri ýerine ýetirmek bilen, medeniýetimize, sungatymyza söýgileriniň beýikdigini ýene bir gez görkezmegi başardylar. Çekeleşikli geçen bäsleşigiň üçünji şerti has-da joşgunly boldy. Onda şadyýan oglanlar hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan uly ösüşleri, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler. Tüýs ýürekden we uly ruhubelentlik bilen ýerine ýetirilen çykyşlar bäsleşige tomaşaçy hökmünde gatnaşan çagalarda ýakymly täsirleri galdyrdy.

     Bäsleşigiň şertleri esasynda ýerine ýetirilen çykyşlara eminler topary mynasyp baha berip, ýeňijiler kesgitlenildi. Eminleriň çykaran netijesine laýyklykda, «Merdana nesil – 2024» atly şadyýan bäsleşiginiň Arkadag şäher tapgyrynda baýrakly birinji orna Arkadag şäheriniň iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Jeýhun Allaberdiýew, ikinji orna Arkadag şäheriniň iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Ýusup Halmyradow we üçünji orna iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Eziz Öwezdurdyýew mynasyp boldylar. Olara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşi tarapyndan hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

 

Umyda KAKAÝEWA,

TMÝG-niň Arkadag şäheriniň

Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar