Şeýle şygar bilen düýn Arkadag şäheriniň jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik geçirildi. Edebiýat meýdanynyň ägirdi, türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili dana şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli taýýarlanan bu ýazgyny Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşi gurady.
Geçirilen bu duşuşyga gatnaşan ýaşlar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde durmuşa geçirilýän işler hem-de «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Magtymguly Pyragynyň döredijiligini we şahsyýetini öwrenmekde amala aşyrylan işler dogrusynda buýsançly gürrüňleri etdiler. Şeýle hem söhbetdeşligiň barşynda şahyryň döredijiliginde beýan edilýän beýik ahlak häsiýetlerini ýaş nesillere öwretmekde öňde durýan wezipeler dogrusynda maslahatlaşdylar.
Mekan AMANLYÝEW,
TMÝG-niň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň başlygy.