WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

     Şu gün Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň we beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň welaýatyň hukuk goraýjy edaralary bilen bilelikde gurnamagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

     Balkan welaýat kitaphanasynda edara-kärhanalarda zähmet çekýän işgärleriň we talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda geçirilen bu çäräniň maksady Türkmenistanda korrupsiýa garşy hereket etmek boýunça Milli maksatnamany ýerine ýetirmek boýunça tassyklanan Meýilnama laýyklykda, ýaşlaryň we raýatlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramaga, hukuk bozulmalarynyň we jenaýatçylygyň öňüni almaga gönükdirilen çäreleri giňden wagyz etmekden ybarat boldy.

     Çykyş edenler jemgyýetiň ösüşine, halkyň bagtyýar durmuşyna zyýan ýetirýän, asuda ýaşaýşyna päsgel berýän islendik nogsanlyklaryň ýok edilmegi ugrunda alnyp barylýan işler dogrusynda giňişleýin beýan etdiler.

     Şeýle hem çykyşlaryň dowamynda halkymyzyň halal işlemegi, abadan durmuşda ýaşamagy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

 

Gülnara SARYBAÝEWA,

TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň işgäri.

Meňzeş habarlar

04 Dekabr 2024 | 0 okalan

TÄSIRLI GEÇEN DUŞUŞYK

03 Dekabr 2024 | 23 okalan

SAGDYN DURMUŞ – SAGDYN ÝÖRELGE