Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Balkanabat şäher Geňeşiniň gurnamagynda, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar gurmasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde yglan eden «Merdana nesil-2024» atly şadyýan bäsleşiginiň şäher tapgyry Balkanabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebinde geçirildi.
Bäsleşige gatnaşan oglanlar bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, çeper sözleýişiň, aýdym-sazyň üsti bilen öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.
Çekeleşikli häsiýete eýe bolan bäsleşigiň ahyrynda eminleriň beren bahalaryna laýyklykda, Balkanabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Meretmyrat Myratjanow 1-nji orna, 6-njy orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Meýlis Täşliýew 2-nji orna mynasyp bolup, olar bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Ýeňijilere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar gurmasynyň Balkanabat şäher Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Aýnatäç NEDIROWA,
TMÝG-niň Balkanabat şäher Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.