Ajaýyp ýurdumyz Türkmenistan halkymyzyň gadymy taryhynyň we örän baý medeniýetiniň bolandygyna şaýatlyk edýän bahasyna ýetip bolmajak genji-hazynalara we gymmatlyklara eýedir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda türkmen halkymyzyň baý taryhy-medeni mirasyny aýawly saklamak, hemmetaraplaýyn öwrenmek we dünýä ýaýmak ugrunda uly işler amala aşyrylýar. Bu babatda biziň ýurdumyzyň 1993-nji ýyldan bäri doly hukukly agzasy bolup durýan Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) aýratyn ähmiýete eýedir. ÝUNESKO-nyň esasy maksatlarynyň arasynda bilim, ylym we medeniýet ulgamynda ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi arkaly parahatçylygyň we howpsuzlygyň ösdürilmegi esasy orun alýandyr. ÝUNESKO-nyň «Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak baradaky» Konwensiýanyň çäklerinde häzirki wagtda Türkmenistanyň çäginde taryhy we medeniýet ähmiýetli 1000-den gowrak ýadygärlikler ýüze çykaryldy we hasaba alyndy. Bu Konwensiýasynyň çäklerinde ýurdumyzdaky ýadygärlikleriň arasynda birnäçe täsin taryhy desgalar- Gadymy Merw, Köneürgenç, Gadymy Nusaý galasy saýlanyp alyndy we olar ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň abraýly sanawyna girizildi. «Görogly» şadessany, «Küşdepdi» aýdym aýtmak we tans sungaty we türkmen milli halyçylyk sungaty hem Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşuldy. Şeýle hem bu görnükli sanawyň üsti «Türkmen keşdeçilik sungaty», «Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri» hem-de «Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi» ýaly hödürnamalar bilen ýetirildi.
Biziň ýurdumyzda taryhy we medeni ýadygärlikleri gorap saklamaga milli mirasymyzy wagyz etmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Biz hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň gurnamagynda orta mekdeplerde, ýörite orta we ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan ýaşlaryň arasynda ÝUNESKO-nyň aýratyn ähmiýetini düşündirmek maksady bilen wagyz-nesihat duşuşyklaryny, maslahatlaryny, brifinglerini yzygiderli geçirýäris.
Ýaşlarymyza okamaga, öwrenmäge öz saýlap alan hünäriniň eýesi bolmaga döredilip berilýän giň mümkinçilikleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs yürekden sagbolsunlarymyzy aýtýarys. Goý olaryň il-ýurt bähbitli, ýurdumyzy ösdürmekde tutýan tutumly işleri hemişe rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin!
Gurbanmyrat Abdylweliýew,
TMÝG-niň Türkmenbaşy şäher
Geňeşiniň bölüm müdiri.