ZEHINLI ÝAŞLAR — WATANYŇ GELJEGI

     Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ýurdumyzyň umumy bilim berýän mekdeplerinde okaýan okuwçylaryň arasynda yglan edilen «Garaşsyz Diýarda joşgunly ýaşlar—2024» atly şadyýan bäsleşigiň Türkmenabat şäher tapgyryny geçirdik. Ýurdumyzyň çagalarynyň, okuwçy ýaşlaryň ruhy taýdan sagdyn ösmegini, olaryň ahlak edep häsiýetleriniň berkemegini gazanmak, şeýle-de ösüp gelen ýaş nesli sungat äleminde zehinli hünärmenler bolup ýetişmäge höweslendirmek, ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny has-da kämilleşdirmek ugrunda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatyna goşant goşmak maksady bilen geçirilen bu bäsleşige gatnaşan oglan-gyzlar öz çykyşlarynyň üsti bilen döredijilik başarnyklaryny subut etdiler. Ýaşlaryň ýerine ýetiren çykyşlarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň, milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň çeper keşbi öz beýanyny tapdy.

     Bäsleşigiň netijeleri boýunça Türkmenabat şäherindäki 26-nji orta mekdebiň okuwçysy Aýlar Illiýewa I, Türkmenabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 7-nji orta mekdebiň okuwçysy Aýbek Çaryýew II baýrakly orunlary eýelediler. Türkmenabat şäherindäki 27-nji orta mekdepden Akmyrat Deňizow, Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdepden Alym Haýytmyradow we Türkmenabat şäherindäki 11-nji orta mekdepden Eziz Täçmyradow bäsleşikde III orna mynasyp boldular. Bäsleşigiň ýeňiş gazanan ýaşlara geljekde bilimli, sowatly hünärmenler bolup ýetişip, Watanymyzyň gülläp ösmegine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşmaklary arzuw edilip, olara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary we hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

 

Aýjan ABDULLAÝEWA,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň

Türkmenabat şäher Geňeşiniň uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar

04 Iýun 2025 | 0 okalan

EKOLOGIÝA SYÝASATY DABARALANÝAR

04 Iýun 2025 | 0 okalan

EKOLOGIÝA ARASSAÇYLYGY ÝURDUŇ BEZEGI

03 Iýun 2025 | 32 okalan

ÇAGA GÜLKÜSI – BAGT GÜLKÜSI