Döwrüň hakykaty anyk işlerde äşgär bolýar. Türkmenistan 10 ýyl bäri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda abadançylykda ýaşaýar hem ösýär. Birnäçe onýyllyklar, hatda ýüzlerçe ýyl zerur bolan ýoly çalt geçmek wezipesini Türkmenistan eýýäm çözüp, ýokary derejede çylşyrymly meseläniň hötdesinden gelmegi başardy. Ýakynda neşir edilen «Arkadagyň ajap eýýamy» atly kitapda hem Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda eziz Diýarymyzda durmuşa geçirilen taryha barabar işler dogrusynda giňişleýin gürrüň edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň bize peşgeş beren bu ajap eýýamy her bir türkmenistanlynyň Watanyna bolan söýgüsini belende galdyrýar. «Watanym we halkym diýip urýan ýürek» diýlip atlandyrylýan bölümden başlanýan bu kitapda her bir adam, her bir ýaş türkmenistanly watansöýüjiligiň belent nusgasyny görüp bilýär.
Biz hem öz gezegimizde «Arkadagyň ajap eýýamy» atly täze kitabyň ýaşlary terbiýelemekdäki ähmiýeti dogrusynda gürrüň bermeklerini haýyş edip, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň hünärmenlerine ýüz tutduk.
Şirin MIRMEDOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Arçabil etrap geňeşiniň başlygy:
— Täze taryhy eýýamda ýurdumyzyň gazanan ähli üstünlikleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýöredilýän öňdengörüjilikli, oýlanyşykly içeri we daşary syýasatyň göni netijesidir. Milli Liderimiz tarapyndan öňe sürlen «Döwlet adam üçindir!» diýen şygar halkymyzyň abadançylygynyň we bagtynyň kepili bolup çykyş edip, gyşarnyksyz durmuşa geçirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň sagdyn nesli kemala getirmäge, ýaşlaryň sazlaşykly ösüşine, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmaga gönükdirilen ägirt uly işi türkmenistanlylary ruhlandyrýar.
Ýakynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda geçen on ýylyň dowamynda gazanylan belent üstünliklere bagyşlanyp ýazylan «Arkadagyň ajap eýýamy» atly täze kitabyň tanyşdyrylyş dabaralary ýurdumyzyň ähli künjeginde geçirildi. Täze kitap halkymyzyň, hususan-da, ýaşlaryň arasynda giň seslenmä eýe boldy. Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edilen bu kitaby okanyňda, geçen döwürde Türkmenistanyň taryhynda baý many-mazmunly wakalaryň juda köp bolandygyna göz ýetirýärsiň. Kitap ýurdumyzyň jemgyýetçilik işgärleri, ylmy intelligensiýasy, bilim-ulgamynyň wekilleri, taryhy öwrenijiler, talyp ýaşlar üçin bahasyna ýetip bolmajak ylmy edebiýat bolup durýar. Kitaby yzygider okap çyksaň, Bitarap Türkmenistanyň iň täze taryhyny ýakyndan synlan ýaly duýgulary başdan geçirýärsiň.
Kitapda Watanymyzyň ykbalyna täsir eden iň wajyp döwlet çözgütleriniň sebäpleri we netijeleri seljerilýär, türkmen jemgyýetiniň ähli ugurlarynda ägirt uly özgertmeleriň amala aşyrylmagynda ählihalk tarapyndan saýlanan döwlet Baştutanymyzyň tutýan uly orny açylyp görkezilýär. Eziz Arkadagymyzyň döwlet syýasaty ilkinji nobatda mähriban halkymyzyň, şol sanda ýurdumyzyň geljegi hasaplanýan ýaşlaryň eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen kabul edilen ýaşlar syýasaty hakynda kanunçylyk binýady pugtalandyryldy.
Sülgün KERIMOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Atamyrat etrap geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri:
— Ýurdumyzda milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda ýaşlar hakynda bimöçber aladalar edilýär. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynda ýaşlar baradaky alada ilkinji orunda durýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesliň geljegine, olaryň her bir gazanýan üstünliklerine hormatly Prezidentimiz aýratyn ähmiýet berýär. Milli Liderimiz «Ýokary hilli bilim, ýaşlaryň sagdyn we ýokary ahlak gymmatlyklaryna ygrarly bolmagy ugrunda alnyp barylýan işler döwlet syýasatymyzyň möhüm wezipeleriniň biridir» diýip aýtmak bilen, türkmen ýaşlarynda milli watançylyk duýgusyny ösdürmegi aýratyn borç hökmünde kesgitledi.
Ýaşlar — Watanyň geljegi, daýanjy. Ýurdumyzyň ertirki ykbaly ýaşlaryň elinde. Şonuň üçin ýaşlaryň diňe ylymly-bilimli bolmagyny gazanmak bilen çäklenmän, eýsem, olary sagdyn ruhly, berk bedenli, kalby ata mekanymyzyň her daban ýerini gülletmek, türkmen halkynyň şöhratly ýoluna mynasyp menzilleri goşmak arzuwlaryndan doly ýigitdir gyzlaryny dogry, halal, arassa ýola gönükdirmek guramamyzyň esasy wezipesi bolup durýar. Häzirki döwürde dünýäniň çalt depginler bilen ösýän döwletleriniň hataryna ynamly girýän Türkmenistanda ýaşlaryň hukuklary ygtybarly goralyp, mertebesi belent tutulýar. Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesi boýunça alnyp barylýan işlerde ýaşlara aýratyn bil baglanylýar. «Arkadagyň ajap eýýamy» atly kitapda mähriban Prezidentimiziň ýaşlar hakdaky şeýle köptaraplaýyn aladalarynyň giňişleýin şöhlelenmegi, ýaşlaryň giň gözýetimli, çuňňur bilimli, belent ahlak sypatly ynsanlar bolup ýetişmekleri hakyndaky edýän tagallalary baradaky maglumatlar bizi diýseň buýsandyrdy.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň soňky on ýylda bedew bady bilen geçen ýolunda ýeten belent sepgitleri barada anyk mysallar arkaly söhbet açýan bu kitap bada-bat hemmeleriň ünsüni özüne çekýär. Çünki şol işler hakda töwerekleýin hem-de täsirli söhbet açýan publisistik ýazgylary buýsançdan ýaňa tolgunman okamak mümkin däl.
Kitapdaky ajaýyp suratlary göreniňde, Gahryman Arkadagymyzyň amala aşyrýan ägirt uly işleri birin-birin göz öňüňde janlanýar. Olaryň islendik okyjyda, aýratyn-da, ýaş neslimizde ýakymly duýgulary oýarýar.
Ýazpolat KERIÝEW,
TMÝG-niň Balkan welaýat geňeşiniň başlygy:
— Kitabyň «Ata-babalarymyzyň ýörelgelerini mynasyp dowam etdirmek», «Watany gülledip ösdürmegiň hatyrasyna çekilen zähmet», «Döretmegiň, gurmagyň ýolunda» ýaly bölümleri gönüden-göni Gahryman Arkadagymyzyň ömür ýoluny aýdyň suratlandyrmak bilen, bu bölümlerdäki ýazgylar okan adamda ýatdan çykmajak täsir galdyrýar. Ýagny, bu bölümlerde hormatly Prezidentimiziň diňe bir öz durmuş ýoly bolman, eýsem, onuň kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň, şeýle hem atasy Berdimuhamet Annaýewiň çeken zähmeti aýdyň görkezilýär. Bu ýazgylary okan mahalyň Gahryman Arkadagymyzyň halal, watansöýüji, ilhalar, sowatly maşgaladan bolandygyny, onuň kakasynyň, atasynyň hem halkyň geljegi üçin ömrüni bagyşlan adamlar bolandygyna doly göz ýetirýärsiň.
Ýaş nesiller baradaky aladany hormatly Prezidentimiz döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde orta çykarýar. Hormatly Prezidentimiziň döwlet başyna geçip, ilkinji gol çeken resminamasynyň bilimi kämilleşdirmek bilen baglanyşykly bolandygyny elmydama uly buýsanç bilen ýatlaýarys. Munuň özi ýurt Baştutanymyzyň ýurdumyzyň egsilmez güýç-kuwwaty bolup durýan ýaş nesiller, olaryň bagtyýar geljegi baradaky edýän bimöçber aladalarynyň aýdyň subutnamalarynyň esasysydyr. Bilim ulgamyndaky şeýle düýpli özgertmeleriň netijesinde, ýaşlarymyzyň hil babatda dünýä ülňülerine laýyk gelýän bilim-terbiýe almaklary üçin giň mümkinçilikleriň altyn gapylary açyldy. Indi ýaşlarymyz orta mekdeplerde kämil kompýuterleriň, okatmagyň iň kämil usullaryndan, ösen tehnologiýalarynyň hyzmatyndan peýdalanýarlar. Ýaş nesil üçin gurulýan häzirki zaman çagalar baglarydyr ak mekdepleriň sany bolsa ýylsaýyn artýar. Bu gün türkmen ýaşlary orta, orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde, şeýle hem, diňe bir ýurdumyzyň çäginde däl, eýsem, dünýäniň ençeme ýurtlarynda öz saýlap alan hünärleri boýunça döwrebap bilim alýarlar. Hormatly Prezidentimiz: «Biziň ýolumyz kämilligiň ýoludyr, mähriban halkymyzyň, ata Watanymyzyň durmuşynda ykbal kesgitleýji ýoldur. Bu ýol biziň ýaşlarymyzy sowatly, bilimli-terbiýeli, giň dünýägaraýyşly, ruhy-ahlak taýdan sagdyn, ynsanperwer adamlar edip ýetişdirmegiň ýoludyr» diýip buýsanç bilen nygtaýar. Hakykatdan-da, ýurdumyzda ýaşlaryň ylymly-bilimli bolmagy, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagy, sagdyn durmuş ýoluny saýlap almagy üçin uly işler durmuşa geçirilýär. Ak mermerli paýtagtymyzda we etrap-şäherlerimizde işe girizilýän sport desgalary munuň aýdyň subutnamalarydyr.
Kemal SABYROW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap geňeşiniň esasy hünärmeni:
— Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzy gülledip ösdürmekde, halkymyzy bagtyýar, bolelin, eşretli durmuşda ýaşatmakda taýsyz tagallalar edýär. Geçen on ýylyň içinde tanalmaz derejede üýtgäp, ajaýyp keşbe giren jennet mekanymyz — Türkmenistan döwletimizde ýetilen sepgitleriň, gazanylan ösüşleriň ählisiniň sakasynda milli Liderimiziň gije-gündiz çeken irginsiz zähmeti, ýadawsyz aladalary, taýsyz tagallalary dur.
Elbetde, on ýyl diýlen döwür taryh üçin gysga döwür hasaplanylýan hem bolsa dünýäniň ösen döwletleriniň hataryndan orun alan Türkmenistan döwletimizde Gahryman Arkadagymyzyň döwlet başyna geçen ilkinji günlerinden tä şu günki günlerimize çenli asyrlara barabar işler ýerine ýetirildi. Ýakynda elimize gowşan «Arkadagyň ajap eýýamy» atly kitap bolsa ýurdumyzyň durmuşyndaky iň bir ýatdan çykmajak möhüm wakalaryň, döwletimiziň taryhyndan söhbet açýan uly ähmiýete eýe bolan seneleriň biri boldy.
Döwlet başyna geçen ilkinji gününden «Ilkinji nobatda, meniň bar aladam halkym bolar» diýen ýörelgäni baş şygaryna öwren Gahryman Arkadagymyz türkmen halkyny bir supraň başyna jemläp, ata-babalarymyzdan bize miras galan agzybirlik, adalatlylyk, watansöýüjilik ýaly oňat gylyk-häsiýetleri giňden wagyz edip, Türkmenistan döwletimizi ynamly ädimler bilen ösüşleriň täze belentliklerine tarap alyp geldi. Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan türkmen medeniýeti we sungaty gaýtadan dikeldilip, bagtyýarlyk döwrümiziň ruhuna mahsus röwüşde öwüşginlere beslendi.
Gahryman Arkadagymyz sagdyn, berk bedenli ruhubelent ýaşlary kemala getirmek, ýurdumyzyň sportdaky abraýyny has hem belende galdyrmak maksadynda toplumlaýyn işleri durmuşa geçirmekde ähli şertler döredip bermek bilen bir hatarda öz şahsy göreldelerini hem görkezip gelýär. Şol durmuşa geçirilýän özgertmeleriň netijesinde bolsa türkmen türgenleri dünýä döwletlerindäki halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, döwlet senamyzyň ýaňlanmagynda milli buýsanjymyz bolan ýaşyl Tugumyzy belende galdyrýarlar. Şu ýerde sport dogrusynda aýdanymyzda iň bir möhüm bellemeli zadymyz — ol hem 2017-nji ýylyň sentýabr aýynda Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji gezek geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary üçin gözel paýtagtymyz ak şäherimiz Aşgabadyň saýlanyp alynmagydyr.
Şu ýerde sözümizi jemläp, bir zady aýratyn nygtasym gelýär, ol hem Türkmenistan döwletimiziň ähli raýatlary Gahryman Arkadagymyzyň edýän aladalaryndan netijeli peýdalanyp, öz gezeginde şol aladalara jogap hökmünde okuwlarda, işlerde görelde görkezip, milli Liderimiziň daşyna jebisleşip, ata Watanymyzyň gülläp ösmegine öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar.
Aýjeren GELDIÝEWA,
TMÝG-niň Mary welaýat geňeşiniň
guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni:
— Ýakynda bize gelip gowşan «Arkadagyň ajap eýýamy» atly kitapda ylmy-populýar görnüşde döwletiň we jemgyýetiň hemmetaraplaýyn döwrebaplaşdyrylyş işleri görkezilýär. Ykdysadyýetiň depginli diwersifikasiýalaşdyrylmagy, durnukly ykdysady ösüşiň hem-de ähli derejelerde ýokary ýaşaýyş-durmuş ölçegleriniň üpjün edilmegi milli Liderimiz tarapyndan işlenip taýýarlanan täze durmuş-ykdysady strategiýasy bilen baglylykda açylyp görkezilýär. «Döwlet adam üçindir!» diýen anyk kesgitlenen şygar arkaly hakyky demokratik jemgyýete hem-de hukuk döwletine, iň ýokary gymmatlyklar hökmünde adamyň we raýatyň konstitusion hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmäge tarap öňe ilerlemekdäki üstünlikler beýan edilýär. Gülläp ösýän ykdysadyýetiň, şahsyýetiň erkinliginiň, döredijilik ruhunyň, ylmy-tehniki ösüşiň durmuş we ekologiýa jogapkärçiligi, belent ahlaklylyk hem-de medeniýet bilen sazlaşykly utgaşygy kämilleşdirilen jemgyýet döwlet syýasatynyň amala aşyrylýandygyny aýdyň alamatlandyrýar.
Taryhy ölçegler boýunça gysga, ýöne mazmuny boýunça örän depginli we özgertmelere beslenen on ýyllyk döwür mynasyp derejede Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri diýlip atlandyrylýar. Kitapda beýan edilýän Gahryman Arkadagymyzyň alyp baran işlerini synlanyňda watansöýüjiligiň beýik nusgasyna göz ýetirmek bolýar. Gahryman Arkadagymyz bize Watany, halky söýmekde nusgalyk görelde görkezýär.
Bizi şeýle ajaýyp zamanda, bagtyýar durmuşda ýaşadýan hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli tutýan tutumlarynyň elmydama rowaç bolmagyny arzuw edýäris.
“Nesil” gazeti,
13.07.2017ý.