SAGLYK-BAÝLYK, BILIM-BINÝAT, SPORT-GÖZELLIK

     Golaýda şeýle mazmunly şygar bilen «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Wekilbazar etrap Geňeşiniň etrabyň 2-nji sport mekdebi bilen bilelikde gurnamagynda sportuň taekwondo (ITF) görnüşi boýunça ýaryş geçirildi. Ruhubelentlikde geçirilen ýaryşa ady agzalan sport mekdebinde tälim alýan okuwçylar gatnaşdylar.

     Ýaryş gyzykly hem-de çekeleşikli häsiýete eýe boldy. Bäsleşigiň jemi boýunça ezberler öňe saýlandylar. Okuwçylaryň bu üstünligi olaryň sportuň taekwondo (ITF) görnüşi boýunça barha kämilleşýändiklerini ýene bir gezek subut etdi.

     Şeýle hem okuwçy türgenler bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Güljan ŞABASANOWA,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň Wekilbazar etrap

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar