Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň şan-şöhraty, abraý-mertebesi bütin dünýäde belende galýar. Eziz Diýarymyzyň ähli ugurlarda gazanýan uly üstünlikleri, dünýä ýurtlary bilen ýola goýýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklary netijesinde türkmen döwletiniň ösüş mümkinçiliklerine giň ýol açylyp, sebit we halkara derejesindäki gatnaşyklary has-da pugtalanýar.
Garaşsyz Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynda BMG-niň iň abraýly düzümleriniň biri bolan ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlyga aýratyn orun degişlidir. Ýurdumyzyň çägindäki taryhy ojaklaryň birnäçesiniň, şeýle hem milli sungatymyzyň gaýtalanmajak gymmatlyklarynyň käbirleriniň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşulmagy-da halkymyzyň şöhratly taryhynyň çuňluklara uzaýandygyndan habar berýär. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan ÝUNESKO-nyň «Maddy däl medeni mirasy goramak baradaky» Konwensiýasyna goşuldy we şondan bäri hem onuň işjeň agzalarynyň biri bolup durýar.
Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen gymmatlyklary gorap saklamak boýunça köpugurly işler we dürli çäreler geçirilýär. Biz hem golaýda welaýatymyzyň Köýtendag etrabynyň 4-nji orta mekdebinde okap bilim alýan ýaşlar bilen şeýle çäreleriň birini geçirdik. «Türkmenistan — ÝUNESKO: taryhy-medeni gymmatlyklaryň goraglylygy ugrunda» diýen at bilen geçirilen wagyz-nesihat duşuşygynda ÝUNESKO-nyň sanawyna girizilen milli gymmatlyklarymyz barada giňişleýin söhbet edildi. Çärede halkymyzyň baý geçmiş taryhyny öwrenmek we dünýä ýaýmak boýunça ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde açylan ÝUNESKO kafedralarynda ýaşlaryň işjeňlik görkezýändigi nygtaldy. Mundan başga-da, duşuşykda edilen çykyşlarda bu işleriň halkara bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň öňe ilerlemeginde hem aýratyn ähmiýete eýedigi uly buýsanç bilen bellenildi.
Umuman, ÝUNESKO bilen netijeli gatnaşyklary berkitmek boýunça Türkmenistanyň öňe sürýän oňyn başlangyçlary, durmuşa geçirýän anyk işleri umumadamzat medeni mirasyny gorap saklamaga ýardam etmäge, ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň möhüm şerti hökmünde halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilendir.
Şahnoza GAPPAROWA,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Köýtendag etrap
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.