GYZYKLY GEÇEN SÖHBETDEŞLIK

     Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň welaýatyň beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramagynda Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň Ak öýi» binasynda «tegelek stoluň» başynda geljek 2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmak bilen bagly söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.

     Söhbetdeşlige gatnaşyjylar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gadam basylýan her bir ýylyň döwrebap şygar bilen atlandyrylýandygyny, häzirki günlerde ýurdumyzda 2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmak bilen bagly ildeşlerimiziň tekliplerini öwrenmek boýunça degişli işleriň geçirilýändigini bellemek bilen, bu ugurda alnyp barylýan işleriň ähmiýetine ünsi çekdiler. Olar hormatly Prezidentimiziň täze – 2025-nji ýyla at bermek hem-de nyşanyny kesgitlemek boýunça degişli teklipleriň taýýarlanmalydygy bilen bagly başlangyjynyň ildeşlerimizde gyzgyn goldawa eýe bolandygyny aýratyn nygtadylar.

     Söhbetdeşlige gatnaşanlar Watanymyzy ösüşlerden ösüşlere alyp barýan hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaçlanmagyny arzuw etdiler.

 

Ennebike ANNAGELDIÝEWA,

TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň

Umumy bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

01 Fewral 2025 | 15 okalan

MASLAHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

01 Fewral 2025 | 13 okalan

MASLAHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

01 Fewral 2025 | 15 okalan

BRIFING DUŞUŞYGY GEÇIRILDI