Golaýda Daşoguz welaýat kitaphanasynda «Gahryman Arkadagyň ýoly ýaşlar üçin ýörelge, Arkadagly Gahryman Serdarymyz biz ýaşlara görelde” atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Oňa «Türkmen halkynyň şöhratly taryhy – Arkadag Serdarly ýaşlaryň beýik buýsanjy» atly maslahata gatnaşyjylar hem-de döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlar işjeň gatnaşdylar. Döredijilik duşuşygynda çykyş edenler Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň jöwher pähim-paýhaslaryndan dörän ajaýyp kitaplaryň egsilmez ylham çeşmesidigi hakynda belläp geçdiler. Many-mazmunly çykyşlarda, okalan ajaýyp şygyrlarda kalplary ylhamly ýaşlaryň ýürek buýsançlary öz beýanyny tapdy. Ajaýyp şygyrlar täze döwürde ata Watanymyzyň bedew batly ösüşleriniň, barha artýan ykdysady kuwwatynyň, hormatly Prezidentimiziň halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşatmak ugrunda öňe sürýän başlangyçlarynyň, ägirt uly özgertmeleriniň çeper beýanyna öwrüldi.
Aýnur ÝUSUPOWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýat
Geňeşiniň bölüm müdiri.