Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz Watanymyzyň we halkymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň ylymly, bilimli, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly nesiller bolup ýetişmegi üçin uly tagallalary edýär. Bu giň mümkinçiliklerden ugur alyp, talyplara döwrebap, ýokary hilli bilim bermek mugallymlaryň öňündäki möhüm wezipe, mukaddes borçdur.
Mugallymyň talyplara bilim-terbiýe bermegiň esasy bolsa okuw sapaklarydyr. Şonuň üçin hem, her bir sapaga ykjam taýýarlykly bolmak, ony talabalaýyk guramak, onuň netijeliligini gazanmak mugallymyň borjudyr. Hut şu nukdaýnazardan hem, mugallym talyplarda bilesigelijiligi oýarýan, pikirlenmegi kämilleşdirýän, tilsimatlardan, usullardan ýerlikli peýdalanmagy başarmalydyr.
Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebinde hem, geljekki mugallymlara ýaş nesle ylym-bilim bermekligiň kämil usullary giňişleýin öwredilýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen eziz Diýarymyzda dünýä ülňülerine laýyk derejede döwrebap bilim almaga, dürli hünärleri öwrenmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Biz – bilim işgärleri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bildirýän ynamyna mynasyp jogap edip, Watana, ene diline wepaly ýaş nesli terbiýelemekde, döwrebap bilim bermekde mundan beýläk-de önjeýli, yhlasly we döredijilikli zähmet çekeris.
Güljemal OMAROWA,
Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy,
Ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy.