Eziz Watanymyzyň rowaç menzilleri türkmen ýaşlarynyň kalbyny egsilmez joşguna, täze döredijilik ylhamyna besleýär. Mähriban Arkadagymyzyň il-ýurt ykbalyny özgerden beýik işlerine, halky bilen badaşan ömür ýoluna, nusgalyk durmuş ýörelgelerine bagyşlanan “Arkadagyň ajap eýýamy” atly kitap ýaşlarymyzyň arasynda uly seslenme tapdy. Häzirki wagtda bu kitap boýunça tanyşlyk maslahatlary, döredijilik duşuşyklary dowam edýär. Kitapdan galan täsirlenmeler dogrusyndaky pikir alyşmalar täze döwrüň belent ruhuny, bagtyýar ýaşlarymyzyň aýdyň geljege bolan berk ynamyny görkezýär. Biz Türkmen döwlet medeniýet institutynda geçirilen döredijilik duşuşygyna gatnaşan ýaşlar bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik guradyk. Biziň söhbetdeşlerimiz Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri Durdymyrat Ataýew, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy Begenç Repbimow, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy Guwanç Amangeldiýew.
— Durdymyrat, Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň wekili hökmünde söhbedimizi siziň bilen başlaýaly! Şu günler ýurdumyzyň dürli künjeklerinde köp sanly medeni-köpçülik dabaralarynyň hatarynda “Arkadagyň ajap eýýamy” atly döwrümiziň gazananlaryny, Arkadag Prezidentimiziň bütin halkymyz bilen birlikde ýaşlar üçin nusgalyk ýoluna bagyşlanan täze kitap boýunça hem yzygiderli döredijilik maslahatlaryny geçirýärsiňiz. Türkmen ýaşlarynyň täze kitap barada nähili täsirlenmeleri bar?
Mähriban Arkadagymyzyň 60 ýaşyna bagyşlanan ajaýyp kitabyň özi soňky geçen on ýyllyk taryhy eýýamyň wakalaryny beýan edýär. Türkmen ykbalynyň täzeden galkynan, bagtyýarlyga ýeten eýýamynyň bir kitapda ýerleşdirilmeginiň özem örän ähmiýetlidir. Bu türkmen Lideriniň beýik işleri bilen tanyşmakda, ony öwrenmekde gymmatly gollanmadyr. 2007 — 2017-nji ýyllaryň wakalary hakynda söhbet açýan kitabyň ýazgylary, sahabyny bezeýän fotosuratlary, dürli resmi nusgalary Gahryman Prezidentimiziň şahsyýetini aýdyň açyk görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň kämil şahsyýeti bolsa ýaşlar üçin görelde mekdebidir. Medeni-köpçülik dabaralarynda bu kitabyň ähmiýetli taraplary barada talyplarymyz, hünärmenler uly joşgun bilen çykyş edýärler. Olaryň öz pikirlerini erkin beýan edip, çykyşlaryny şahyrana sözlere beslemegi has-da buýsançlydyr. Döwrümiziň ajaýyp gazananlaryny wasp etmekde ýaşlarymyz döredijilikde aýratyn tapawutlanýarlar. Ylymda we bilimde ýaşlaryň gazanýan üstünlikleri halkara derejesinde bolup, gerimi barha giňeýär. Ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda hem gujurly ýaşlarymyz yhlasly zähmet çekýärler.
— Indiki sowalymyzy Begenç, siziň bilen dowam etmekçi. Döredijilik gurşawyndaky ýaşlar döwrümiziň medeni täzeliklerini aýdym-saz, dabaraly çykyşlar bilen bezeýärler. Döredijilik dünýäsinde ýaşaýan adamyň baş hemrasy kitap, dürdäne paýhasly setirler bolýar diýip düşünýäris. Täze kitap medeniýete, sungata ykbalyny baglan ýaşlar üçin nähili çeşme bolar?
— Hormatly Prezidentimiziň ajaýyp işlerini teswirleýän bu kitabyň maglumatlary biziň üçin ylham çeşmesidir. Has takygy täze eserleri döretmekde biziň üçin iňňän uly badalgadyr. Dünýäde ykrar edilen milli Liderimiziň halkara derejesindäki belent sylaglarynyň özi ýurt Baştutanymyzyň beýik abraýyndan habar berýär. Men bu kitabyň medeniýet bilen baglanyşykly bölümine ünsi çekesim gelýär. “Jemgyýetiň ruhy-medeni durmuşyndaky özgertmeler” atly bölümde: “Milletiň Lideri medeniýetiň ähmiýetini bellemek bilen, häzirki zaman dünýäsiniň medeni ösüşleriniň ulgamynda Garaşsyz Türkmenistanyň mynasyp ornuny kesgitlemegi, milli bitewüligi gorap saklamagy, milletiň içki jebisligini we durnukly ösüşini bu babatdaky syýasatynyň baş ugurlarynyň biri hasaplaýar” diýip bellenýär. Şeýle-de kitapda beýan edilişi ýaly, hut mähriban Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda halkymyzyň medeni durmuşy örän baýlaşdy. Şonuň bilen bir hatarda ýaş nesliň medeniýete we sungata bolan höwesiniň has-da ýokarlanmagy üçin Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda döwlet tarapyndan geçirilýän döredijilik bäsleşikleriniň ýokary ähmiýeti bardyr. Paýtagtymyzda we welaýatlarymyzda sazçylyk, çeperçilik ýaly medeniýetiň möhüm ugurlary boýunça onlarça mekdepler, merkezler işleýär. Bular hormatly Prezidentimiziň yhlasy bilen gurlan köşk ýaly binalardyr. Olaryň ýokary amatlylygy çagalaryň höwesjeň isleglerini, döwrüň ösen talaplaryny nazara alýar.
— Guwanç mugallym, geçirilýän ajaýyp dabaralarda döredijilik hyjuwyndaky ýaşlara möhüm ornuň degişlidigi nygtalýar. Döredijilik çykyşlaryňyzda ýurdumyzyň buýsançly täzeliklerini nähili şöhlelendirýärsiňiz? Bu täze kitabyň taryhy-jemgyýetçilik gymmaty siziň medeni-köpçülik işleriňizde aýdyň ýüze çyksa gerek?!
— Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ata Watanymyzy ösüşiň ähli ugurlarynda täze belentliklere ýetdi. Bu ajaýyp durmuşy öz halkyna peşgeş beren milli Liderine türkmen halkymyz çäksiz alkyş aýdýar. Öz ömrüni halkynyň bagtly geljegine baglan hormatly Prezidentimiziň beýik ykbalyndan, ýurdumyzyň gazanan üstünliklerinden söz açýan täze neşiriň “Arkadagyň ajap eýýamy” atly kitabyň halk köpçüligine gowuşmagy adamlaryň şatlygyny has-da goşalandyrdy. Kitaby ilki bilen ele alanymyzda, Arkadag Prezidentimiziň:
Ajap eýýam, ajap çagym bar,
Ýalkym saçýan şamçyragym bar,
Hak sylamyş Beýik gerçegin,
Gahryman Halkymyz bar!
diýen ajaýyp setirleri bilen başlanýar. Aýdyma öwrülen bu ajaýyp setirler Aziada — 2017- niň senasy diýlip saýlanyldy. “Arkadagyň ajap eýýamy” atly bu ajaýyp kitapda türkmen halkynyň öz milli Lideriniň baştutanlygynda on ýylyň dowamynda gazanan üstünlikleri giňden beýan edilýär. Elimizdäki ajaýyp neşir 19 bölümden ybarat bolup, täsirliligi bilen juda özüne çekiji, ilkinji ädimlerden belent menzillere çenli aralygy aýdyňlygy bilen giňden açyp görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň paýhasyndan dörän bahasyna ýetip bolmajak gymmatly neşirler halk köpçüligi, okyjylar tarapyndan elmydama gyzgyn seslenmä eýe bolýar. Sebäbi ol eserler halkyň ýürek sesi. Biz bu kitabyň maglumatlaryndan okuwda işjeň peýdalanarys, döredijilikde ylhamlanarys.
— Durdymyrat, kitap döwrebaplygy, giň mazmunlylygy bilen tapawutlanýar.
— Ýokary hilli çap edilen bu kitap Arkadag Prezidentimiziň nusgalyk ýolunyň äleme ýaýylmagynda, şan-şöhratynyň artmagynda täze sahypany açýar. Döwletli döwrümiziň gazananlaryny nesillere wagyz etmäge, öwrenmäge niýetlenen bu gymmatly çeşme zamanamyzyň gadyr-gymmatynyň näderejede arzylydygyny görkezýär. Ýurt Baştutanymyzyň köňül mährinden, halkyna bolan beýik söýgüsinden, ata Watanymyza bolan çuňňur hormatyndan binýat bolan altyndan arzyly ajap eýýamda ýaşamagyň bagty biziň ykbalymyza düşüpdir. Şonuň üçin hem biz özümizi iň bagtyýar raýatlar hasaplaýarys. Şu mukaddes Watanyň, ajaýyp eýýamyň ýaşlarydygymyza tüýs ýürekden buýsanýarys. Beýik işleri bilen Watanymyzy ösüşiň täze derejelerine göterýän, mukaddes sahawaty bilen ýaşlaryň çyn hossary Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, başy belent, ýoly rowana bolsun!
— Begenç, ýaşlaryň dilinde mähir, buýsanç joşýarka, bagtyýar döwrümiziň neşirleri hem bu üstünlikleriň jarçysy, aýdymçysy bolup türkmeniň parahatçylyk ýolunyň owazyny çarýana ýetirýär.
— Mähriban Arkadagymyzyň beýik şahsyýetdigi barada gürrüň berýän bu kitap ýaşlar üçin has-da gymmatly. Ýokary hil, belent hyjuw — sagdynlygy, ruhubelentligi, bagtyýarlygy şygar edinen döwrümiziň esasy aýratynlygy. Muny her işde görmek bolýar. Belent maksatlara beslenip, täze kitabyň kalplary nurlandyrýan baý maglumatlaryndan ruhlanyp, ýaş türgenlerimiz bilen bir owazda, bir demde ýakyn günlerde Aşgabat Aziadasyny hem garşylarys. Aziada — 2017-niň baş aýdymyny belent owazda gaýtalap, hormatly Prezidentimize döredijilik ylhamynda rowaçlyklary arzuw edýäris.
— Mähriban ýaşlar, şu günki söhbetdeşlikde beren buýsançly gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň!
Söhbetdeşligi taýýarlan
Sähragül JANMÄMMEDOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uly mugallymy.
“Nesil” gazeti,
25.07.2017ý.