«ŞADYÝAN RUHUBELENTLER» ATLY DEGIŞME BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI

     Golaýda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşi, Türkmenbaşy şäher Medeniýet bölümi şeýle-de Bilim bölümi bilen bilelikde guramaklarynda ýokary synp mekdep okuwçylarynyň arasynda hormatly Prezidentimiziň çuňňur many-mazmuna ýugrulan pähimlerinden hem-de ýaş nesilleriň arasynda Watana bolan söýgüni wagyz etmek baradaky tabşyryklaryndan ugur alyp, türkmen medeniýetiniň we sungatynyň görnükli wekilleriniň ýoluny dowam etdirjek ýaş zehinli wäşileri ýüze çykarmak maksady bilen «Şadyýan ruhubelentler» atly degişme bäsleşigi geçirildi.

     «Şadyýan ruhubelentler» atly degişme bäsleşigine gatnaşan okuwçylar iki şert boýunça özara bäsleşdiler. Birinji şerti tanyşlyk bolup, bäsleşige gatnaşýan her bir topar degişme äheňinde aýdym-sazyň, goşgy setirleriniň şeýle-de tansyň üsti bilen özlerini tanyşdyrdylar. Bäsleşigiň ikinji şertinde degişme sahnasy bolup, okuwçylar adamzadyň dürli durmuş ýagdaýlaryny, zähmet bilen bagly wakalary, maşgala durmuşyny şeýle-de mekdep durmuşyny wasp edýän belli söz ussatlarynyň goýup giden degişmelerini sahnada ýerine ýetirip öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Şeýlelikde, Türkmenbaşy şäheriniň takyk ugurlara ýöriteleşdirilen 10-njy orta mekdebiniň okuwçylary baş baýraga, Türkmenbaşy şäheriniň 4-nji orta mekdebiniň okuwçylary 1-nji orna, Türkmenbaşy şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 8-nji orta mekdebiniň okuwçylary 2-nji orna, Türkmenbaşy şäheriniň 6-njy orta mekdebiniň okuwçylary bolsa 3-nji orna mynasyp boldular. Bäsleşigiň dowamynda üstünlikli çykyş edip tapawutlanan okuwçylar Türkmenbaşy şäheriniň Medeniýet bölümi tarapyndan Hormat hatlary şeýle-de TMÝG-niň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandy.

     Çäräniň ahyrynda ýurdumyzyň ösüşini, halkymyzyň eşretli ýaşaýşyny, ýaşlarymyzyň bagtyýar geljegini hemişe üns merkezinde saklaýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş sözleri aýdyldy.

 

 

Aýperi ATAHALLYÝEWA,

TMÝG-nyň Balkan welaýatynyň

Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň

sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

 

Meňzeş habarlar

01 Fewral 2025 | 15 okalan

MASLAHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

01 Fewral 2025 | 13 okalan

MASLAHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

01 Fewral 2025 | 15 okalan

BRIFING DUŞUŞYGY GEÇIRILDI