RUHUBELENTLIGE BESLENEN DABARA

     Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň guramagynda Änew şäherinde ýerleşýän N.Saryýew adyndaky Sungat mekdebinde okuwçy ýaşlaryň gatnaşmagynda «Bitaraplyk — buýsanjymyz» atly aýdym-sazly dabara geçirildi.

     Hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllygyna bagyşlanan dabarada çagalaryň çeken suratlarynyň sergisi guraldy. Mekdebiň şekillendiriş sungaty bölümine gatnaýan çagalaryň ýerine ýetiren işleriniň sergisinde Bitarap Watanymyzyň ösüşleri, türkmen tebigatynyň gözelligi, bagtyýar ýaşlyk öz beýanyny tapýar.

     Sergi bilen tanyşlykdan soňra, Sungat mekdebiniň çagalar döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan aýdym-sazlar dabara uly ruhubelentlik çaýdy. Joşguna beslenen dabaranyň dowamynda çagalaryň labyzly okan goşgularyny diňlemek has-da täsirli boldy.

     Dabara gatnaşanlar eşretli döwri peşgeş eden, ýurdumyzy bagtyýar çagalygyň mekanyna öwüren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Jeýhun SAPARGULYÝEW,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň

Ak bugdaý etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

28 Ýanwar 2025 | 32 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA

27 Ýanwar 2025 | 102 okalan

TÜRKMENIŇ NEPIS SUNGATY

25 Ýanwar 2025 | 145 okalan

ŞANLY ÝYLYŇ ŞANYNA GEÇIRILEN DUŞUŞYK