ÝAŞLAR WE KANUN

     Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesi, Daşoguz welaýat adalat bölümi bilen bilelikde, ýaşlar baradaky döwlet syýasatyndan gelip çykýan wezipeleri wagyz etmek, şeýle-de, ýaşlardan gelip gowuşýan teklipleri öwrenmek maksady bilen, «Ýaşlar we Kanun» atly maslahat duşuşygyny geçirdi. Oňa çäräni guraýjy edara-guramalaryň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler eziz Diýarymyzda raýatlaryň, şol sanda ýaşlaryň hukuklaryny goramak ugrunda durmuşa geçirilýän işler, bu ugurda kabul edilen Kanunlar we Kararlar, olardan gelip çykýan wezipeler, ýaşlar syýasatynda gazanylan uly üstünlikler we ýetilen belent sepgitler, öňde durýan anyk hem-de aýdyň maksatlar dogrusynda giňişleýin bellediler. Şeýle-de, duşuşykda ýaşlardan gelip gowuşýan teklipler öwrenildi.

 

Magsat OTUZOW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşiniň başlygy,

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

Meňzeş habarlar