EKOLOGIÝA BABATDA HALKARA HYZMATDAŞLYK

     Häzirki wagtda ýurdumyzyň ekologiýa syýasaty ekologiýa howpsuzlygyny daşky gurşawyň goralmagyny, ilatymyzyň ýaşaýşy üçin arassa, sagdyn we amatly daşky gurşawy üpjün etmäge gönükdirilendir.

     Ýurdumyz BMG-niň birnäçe halkara konwensiýalaryna goşulyp, tebigaty goramak ulgamynda öz üstüne alan halkara borçnamalarynyň talaplaryny doly berjaý edýär. Muňa mysal hökmünde, ýurdumyzyň halkara ekologiýa sammitlerine işjeň gatnaşyp, daşky gurşawy goramagyň hem-de ekologiýa howpsuzlygynyň ählumumy meseleleri boýunça anyk teklipler bilen çykyş edýändigini aýratyn bellemelidiris.

     Daşky gurşawy goramak boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak we yzygiderli ösdürmek döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Türkmenistan bu ugurda dünýäniň ähli döwletleriniň umumy tagallalary esasynda global ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek üçin BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde halkara başlangyçlary bilen yzygiderli çykyş edýär. Ýurdumyz sebitiň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen, BMG-niň bu ugurdaky ýörite edaralary bilen gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Giň möçberli Ekologiýa gaznasy we beýlekiler bilen häzirki wagtda döwletimiz işjeň gatnaşyklary saklap, sebitde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek üçin degerli teklipleri öňe sürýär. Hususan-da, taryha nazar aýlasak, döwletimiziň ekologiýa taýdan zyýansyz, durmuş üçin möhüm ähmiýete eýe bolan taslamalary düýpli öwrenmek we işläp taýýarlamak üçin BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümini — howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri çözmek boýunça Sebitara merkezini döretmek baradaky teklibi dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döretdi.

     BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnama kabul edildi. Eziz Diýarymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde ileri tutulýan garaýyşlaryň hatarynda Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan «Rio+20» Durnukly ösüş sammitinde öňe süren BMG-niň Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasyny döretmek baradaky teklibini durmuşa geçirmek häzirki wagtda üstünlikli dowam etdirilýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, BMG-niň Durnukly ösüş boýunça «Rio+20» maslahatynda, Koreýanyň Tegu şäherinde geçirilen VII Bütindünýä suw forumynda we beýleki iri halkara maslahatlarynda beýan eden oňyn başlangyçlary dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolýar.

     Türkmenistanyň ekologiýa diplomatiýasynyň strategik ugurlarynyň öňe sürülmegi ynsanyýetiň bähbitleri bilen baglanyşykly möhüm meseleleri çözmäge mynasyp goşulan goşantdyr.

 

Aýgözel ILÝASOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby,

TMÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

11 Dekabr 2024 | 20 okalan

DIÝAR TOÝ TOÝLAÝAR

11 Dekabr 2024 | 3 okalan

BITARAPLYK – BAGTYMYZ

11 Dekabr 2024 | 25 okalan

DÜNÝÄNIŇ MAGLUMATLAR TORY