Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň hem-de beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň guramagynda etrabyň çäginde ýerleşýän Nowruz ýaýlasyndaky «Türkmeniň ak öýi» binasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllygyna, Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde baky Bitaraplygymyzyň şanly 29 ýyllygy mynasybetli giňden bellenip geçiljek ajaýyp senäniň ähmiýeti hakda täsirli gürrüň edildi. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, asyrlar boýy adamkärçilik, parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk ýaly ajaýyp häsiýetleri özünde jemleýän, türkmen milletiniň gadymy ýörelgelerinden, däp-dessurlaryndan gözbaş alyp gaýdýan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy baky bagtymyzdyr. Ol sebitdäki we dünýädäki ähli döwletleri parahatçylykda we agzybirlikde ýaşamaga çagyrýan ajaýyp ýörelgedir, ýurdumyzyň abraý-mertebesini arşa galdyrýan taglymatdyr.
Turuwbaşdan täsirli geçen söhbetdeşlige gatnaşanlar dünýäde bagtyýar durmuşyň, parahatçylygyň höküm sürmegi, dost-doganlygyň pugtalanmagy ugrunda edýän taýsyz tagallalary üçin hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Rejepgeldi ATAJANOW,
TMÝG-niň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.