Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz hemişelik Bitarap Diýarymyzyň her bir güni toýdur baýramlara beslenýär. Şeýle täsirli baýramçylyklaryň biri hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrap Geňeşi we beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde gurnamagynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň medeniýet öýüniň mejlisler zalynda edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň şeýle-de mekdep okuwçylarynyň arasynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli “Bitaraplyk-şöhratymyz şanymyz” ady bilen geçirildi.
Turuwbaşdan baýramçylyk ruhuna beslenen çärede medeniýet we sungat işgärleriniň hemişelik Bitaraplygymyzy wasp edýän aýdym-sazly çykyşlaryna giň orun berildi.
Baýramçylyk çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaş nesillerimiziň bagtyýar geljegi ugrunda ähli aladalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Akbäbek GURBANMÄMMEDOWA,
TMÝG-niň Türkmenbaşy etrap
Geňeşiniň uly buhgalteri.