GYZYKLY GÜRRÜŇDEŞLIK GEÇIRILDI

     Ýakynda Ýolöten şäheriniň ýaşaýjysy Abdyzakir Rahmanowlaryň agzybir maşgalasynda «Bitaraplyk-dostluk-doganlyk ýoly» atly söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi. Ýolöten etrap häkimligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşi hem-de «Miras» teleýaýlymynyň bilelikde gurnamagynda geçirilen söhbetdeşlik täsirli pursatlara baý boldy.

     Döwletli saçagyň başynda geçen gürrüňdeşlik hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ösüşli ýoly, ýurdumyzyň Bitaraplygyň parahatçylyga, dost-doganlyga, hoşniýetli gatnaşyklara, birek-birege hormat goýmaga, durnukly ösüşe we özara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna uzaýan nurana ýoldugy dogrusynda joşgunly söhbetler bilen açyldy.

     Türkmenistanyň parahatçylygy dabaralandyrmakda möhüm halkara başlangyçlary öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde giňden tanalýandygy baradaky buýsançly gürrüňler bolsa, söhbetdeşligiň özenini düzdi.

     Gürrüňdeşligiň dowamynda oňa gatnaşanlar Türkmenistan döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň barha dabaralanmagy ugrunda beýik işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.

 

Jennet ORAZOWA,

TMÝG-niň Ýolöten etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar