Golaýda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň bilelikde guramagynda “Köpetdagyň eteginde galdy bu gün ör boýuna, Onuň Aly jenaby Magtymguly Pyragy” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Halk maslahatynyň orunbasary Bibi Allanazarowa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň bölüm müdiri Ogulbäbek Baýmyradowa hem-de baş hünärmeni Gülälek Baýramalyýewa, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň baş hünärmeni Serdar Sazakow dagylar çykyş etdiler.
Çykyşlarda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň bahasyna ýetip bolmajak mirasyny gorap saklamak, düýpli öwrenmek we dünýä ýaýmak işleri giňden alnyp barylýandygy hem-de şahyryň adamlaryň ruhy dünýäsinde we durmuşynda ýagşylygyň ugrukdyryjysy hökmünde ornaşandygy barada giňişleýin gürrüň edildi.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar berkarar Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň, ählumumy parahatçylygyň hem-de ösüşiň bähbidine gönükdirilen beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.
Ogulbäbek BAÝMYRADOWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.