Her bir şanly senäni, toýdur dabaralary ýokary guramaçylykly geçirmek ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň mejlisler jaýynda geçirilen çäre hem hut şeýle häsiýete eýe boldy. Täze ýyl baýramçylygyny ýokary guramaçylykly geçirmek we bu işlere ýaşlary işjeň çekmek, jemgyýetçilik tertip-düzgünini berjaý etmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek maksady bilen geçirilen bu duşuşyk oňa gatnaşyjylarda ýakymly täsirleri galdyrdy.
Balkan welaýat Polisiýa müdirliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň hem-de beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda geçirilen bu wagyz-nesihat çäresinde çykyşlara giň orun berlip, bagtyýar talyp ýaşlara öwüt-nesihatlar edildi.
Olaryň zyýanly endiklerden daşda durmagy, partlaýjy maddalaryny ulanmazlygy, sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý etmekleri, Watana wepaly nesiller bolup ýetişmekleri üçin sargytlar edildi. Şeýle hem bu ugurda nusgalyk göreldesini görkezýän hem-de ýaş nesiller üçin ähli döwrebap mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.
Guwanç ÇENDIROW,
TMÝG-niň Balkan welaýat
Geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty.