Şu gün Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda asylly däbe görä, Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda geçirilýän «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň çäginde ýurdumyzda medeniýetiň we sungatyň ösdürilmegi babatda-da giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýaşlaryň döredijilik taýdan kämilleşmegi, öz mümkinçiliklerini açyp görkezmekleri üçin ähli zerur şertler döredilip, Diýarymyzyň iň çetki künjeklerinde-de medeniýet merkezleri, konsert meýdançalary gurulýar. Şolarda aýdym-saz gözden geçirilişlerine gatnaşyjylaryň çykyşlary yzygiderli guralýar. Her ýylda geçirilýän bäsleşikler ýaş zehinleriň halkymyzyň bahasyna ýetip bolmajak ruhy hazynasyna, baý aýdym-saz medeniýetimize gyzyklanmalaryny artdyrmaga şert döredýär.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Medeniýet ministrliginiň hem-de Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde her ýylda guraýan bäsleşigine şu ýyl hem ýurduň ähli welaýatlaryndan we Aşgabat we Arkadag şäherlerinden zehinli ýaşlar gatnaşdylar.
Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 10 aýdymçy saýlanyp alyndy. Jemleýji bäsleşige meşhur artistler, kompozitorlar, şahyrlar, medeniýet işgärleri, sungat ussatlary we köp sanly ýaşlar tomaşa etmäge geldiler.
Bäsleşigiň ahyrky pursatlarynda «Ýylyň parlak ýyldyzy» atly bäsleşiginde çykyş eden Gylyçdurdy Durdyýew, Leýli Mämmedowa, Göwher Hojimyradowa, Bägül Maşadowa, Serdar Çaryýew, Hemra Nuryýew, Güljemal Taýlyýewa, Şatlyk Gurbannazarow, Selbi Kakanowa hem-de Şamyrat Artykow dagylar «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýadygärlik nyşany bilen sylaglanyldy.
Bäsleşiginiň bu gezekki ýeňijisi Gylyçdurdy Durdyýew «Ýylyň parlak ýyldyzy» adyna mynasyp boldy. Oňa göçme kubok hem-de sowgat gowşuryldy. Ýeňijä kubogy «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşiginiň geçen 2023-nji ýyldaky ýeňijisi Bahar Annaýewa gowşurdy.
Bäsleşigiň şertine görä, oňa gatnaşyjylar iki aýdymy ýerine ýetirdiler. Olaryň biri sazsyz bolup, aýdymçylar onda öz sesiniň arassalygyny, owazyny görkezmek mümkinçiligine eýe boldular. Munuň özi olaryň şahsy artistlik ukybyny ýüze çykarmaga mümkinçilik berdi. Şeýle hem bäsleşigiň dowamynda häzirki zaman estrada we halk aýdymlary, söýgi we watansöýüjilik aýdymlary ýerine ýetirildi.
Bäsleşikde ýerine ýetirilen her bir aýdym babatda meşhur sungat işgärleriniň pikirleri diňlenildi. Şeýle hem olar ýaş aýdymçylara özleriniň maslahatlaryny berdiler. Şol wagt bolsa ses bermek işi dowam etdi. Tomaşaçylardan gelip gowşan SMS habarnamalary hasaplanansoň, bäsleşigi alypbaryjylar onuň jemlerini yglan etdiler. Bu çözgüt tomaşaçylaryň we emin agzalarynyň köp sesine mynasyp bolan aýdymçynyň kesgitlenmegini şertlendirdi.
Baş baýrakdan başga-da, bäsleşikde birinji, ikinji we üçünji orunlar göz öňünde tutuldy. Şeýlelikde, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda geçirilen «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşiginde Serdar Çaryýew birinji, Şatlyk Gurbannazarow ikinji, şeýle-de Göwher Hojimyradowa üçünji orunlara mynasyp bolmagy başardylar. Baýrakly orunlary eýelänleriň ählisine degişli diplomlar hem-de ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.