“MENIŇ WATANYM” ATLY BÄSLEŞIGIŇ JEMI JEMLENDI

     Ýakynda Balkan welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň hem-de Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň bilelikde yglan eden «Meniň Watanym» atly döredijilik bäsleşiginiň jemini jemlemek we ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Bäsleşikde ýeňiji bolan ýaşlara gurnaýjylar tarapyndan sowgatlardyr Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

     Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzyň ýaşlarynyň ukyp-başarnyklaryny, döredijilik zehinlerini doly açyp görkezmekleri üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.

 

Güýçmyrat ÝAGŞYÝEW,

TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň

başlygynyň orunbasary.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 0 okalan

AÝDYM-SAZLY DABARA GEÇIRILDI

31 Ýanwar 2025 | 0 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

31 Ýanwar 2025 | 0 okalan

TÄSIRLI GEÇEN WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY