Türkmen taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň uly dabaralara beslenip, açyljak arzyly güni barha golaýlaşýar. Şeýle bolansoň Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň her bir güni beýik işlere badalga berilýän şatlykly wakalara, täze desgalaryň açylyş dabaralaryna, tutumly işleriň, beýik başlangyçlaryň üstünliklerine, rowaçlyklaryna beslenýär.
Her ýylyň ikinji ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen gawunynyň gününiň hormatly Prezidentimiziň ýörite Permany bilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 30 günüň galmagy mynasybetli 17-nji awgustda bellenilmeginiň özünde hem uly many bar. Şu ýyl mähriban Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde babadaýhanlarymyz keremli, sahawatly toprakdan datly türkmen gawunynyň bereketli hasylyny ösdürip ýetişdirdiler.
«Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary» diýlen belent adyň eýesi hormatly Prezidentimiziň alyp barýan beýik işleriniň netijesinde paýtagtymyzda geçiriljek uly sport çäresiniň başlanmagyna 500 gün galanda, gadymy Nusaý galasyndan badalga berlen — eziz Diýarymyzyň Döwlet baýdagyny, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň baýdagyny hem-de «Aşgabat 2017» oýunlarynyň alawyny belentde göterip, al-asmanda galgadýan 17 atlynyň Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlaryndaky taryhy-medeni ýadygärliklere, keramatly ýerlere syýahat edýärler.
Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna badalga beriljek dabaraly günde bolsa bu ýere dolanjakdyklaryna sabyrsyzlyk bilen garaşýarys.
Ýurdumyzda Oýunlaryň başlanmagyna 50 gün galmagy mynasybetli geçirilen çäreler hem taryhyň gatyndan öz ornuny aldy. Şol gün hormatly Prezidentimize birinji derejeli akkreditasiýa resminamasynyň hem-de «Aşgabat 2017» oýunlarynyň açylyş-ýapylyş dabaralaryna gatnaşmaga çakylygyň gowşurylmagy aýratyn guwançly ýagdaý boldy. Şeýle hem Mary welaýatynda «Aziada dünýä metbugatynda» ady bilen geçirilen foruma dünýäniň ençeme ýurtlaryndan myhmanlar gatnaşdy. Olar şonda özleriniň köp ýurtlarda bolup görendiklerini aýtmak bilen, heniz hiç bir sebitde şeýle ýokary derejede bina edilen Olimpiýa şäherjigine gabat gelmändiklerini, ýaryşlary halkara derejesinde geçirmäge ähli mümkinçilikleriň döredilendigini, şeýle uly tutumly ýaryşlary geçirmek diňe agzybir halky bolan, ykdysady taýdan ösen ýurda mahsusdyr diýip, uly buýsanç bilen bellediler.
Aşgabatda geçiriljek «Aşgabat 2017» halklaryň dostluk-doganlyk hyzmatdaşlygynda täze taryhy sahypany açar. Çünki hormatly Prezidentimiz bu ägirt çärä uly ähmiýet berýär. Biz sport baýramçylygynyň olimpiýa hereketiniň ösdürilmeginde, tutuş dünýäniň halklarynyň arasynda parahatçylygyň, özara düşünişmegiň pugtalandyrylmagynda uly goşant boljakdygyna doly ynanýarys.
Goçy ANNASÄHEDOW,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň
Döwlet kitaphanasynyň işgäri, ýazyjy.
“Nesil” gazeti,
21.08.2017ý.