Ýakynda Balkan welaýatynyň Etrek etrabynyň 8-nji orta mekdebinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Etrek etrap Geňeşiniň etrap bilim bölümi, etrabyň hukuk goraýjy edaralary bilen bilelikde guramagynda mekdep okuwçylarynyň arasynda ýetip gelýän Täze ýyl baýramçylygy günlerinde tertip düzgüni berk berjaý etmegi, partlaýjy maddalardan daşda durmagy, köpçülik ýerlerinde özlerini dogry alyp barmagy, ýol hereketiniň kadalaryny berjaý etmegi, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegi gazanmak maksady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Çärede çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: “Ýaş nesillerimiziň sagdyn, bagtyýar ösüp ulalmaklary, watançy, päk ahlakly, merdana we halal adamlar bolup ýetişmekleri biziň esasy maksatlarymyzyň biridir, ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň möhüm şertidir.” diýen sözlerinden ugur alyp mekdep okuwçylaryna ruhy taýdan sagdyn ösmekligiň ilhalar, Watana wepaly adamlar bolup ýetişmekligiň ähmiýeti dogrusynda durup geçdiler.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlar hakynda uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Arzygül TEKEMYRADOWA,
TMÝG-niň Balkan welaýatynyň
Etrek etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.