TÄSIRLI GEÇEN WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY

     Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň, şäher Bilim bölüminiň hem-de hukuk goraýjy edaralarynyň bilelikde guramagynda Türkmenbaşy şäheriniň umumybilim berýän 7-nji orta mekdebiniň okuwçylarynyň arasynda Täze ýyl baýramçylygyny guramaçylykly geçirmek maksady, wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

     Duşuşykda ýetip gelýän Täze ýyl baýramçylygyny dabaraly garşy almak, baýramçylygyň bellenilýän günlerinde ýaş nesilleriň arasynda terbiýeçilik işlerini güýçlendirmek, olaryň ýüze çykýan nogsanlyklardan daşda durmaklaryny gazanmak, zyýanly endikleriň, şol sanda partlaýjy maddalaryň adamyň saglygyna ýetirýän zyýany baradaky sowatlylygyny ýokarlandyrmak, hukuk bozulmalaryň öňüni almak hem-de türkmeniň döwletlilik ýörelgelerini, milli däp-dessurlarymyzy giňden wagyz etmek dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi.

     Çäräniň ahyrynda ýurdumyzyň ösüşini, halkymyzyň eşretli ýaşaýşyny, ýaşlarymyzyň bagtyýar geljegini hemişe üns merkezinde saklaýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş sözleri beýan edildi.

 

Aýperi ATAHALLYÝEWA,

TMÝG-niň Balkan welaýatynyň

Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň

Sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 0 okalan

AÝDYM-SAZLY DABARA GEÇIRILDI

31 Ýanwar 2025 | 0 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

31 Ýanwar 2025 | 0 okalan

TÄSIRLI GEÇEN WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY