WAGYZ – NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

     Ýakynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminiň mejlisler jaýynda çäre geçirildi. Täze ýyl baýramçylygyny ýokary guramaçylykly geçirmek we bu işlere ýaşlary işjeň çekmek, jemgyýetçilik tertip-düzgünini berjaý etmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek maksady bilen geçirilen bu duşuşyk oňa gatnaşyjylarda ýakymly täsirleri galdyrdy.

     Balkan welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň hem-de hukuk goraýjy edaralaryň bilelikde guramagynda geçirilen duşuşykda zyýanly endiklerden, partlaýjy maddalardan daşda durmagy, ýaramaz gylyk-häsiýetleri aýyrmaklary üçin sport bilen meşgullanmaklary, okamak, öwrenmek, döretmek bilen Watana wepaly nesiller bolup ýetişmekleri üçin sargytlar edildi.

     Duşuşygyň dowamynda ýaş nesiller üçin ähli döwrebap mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

 

Gözel SAPARMÄMMEDOWA,

TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 0 okalan

AÝDYM-SAZLY DABARA GEÇIRILDI

31 Ýanwar 2025 | 0 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

31 Ýanwar 2025 | 0 okalan

TÄSIRLI GEÇEN WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY