Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi welaýatyň jemgyýetçilik guramalary, hukuk goraýjy edaralary, Türkmen oba hojalyk institutynyň Magtymguly adyndaky Ilkinji Ýaşlar guramasy bilen bilelikde, institutda bilim alýan talyplaryň gatnaşmagynda “Ýaşlar: kämil hünär, röwşen geljek” ady bilen wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi. Ýaşlaryň arasynda terbiýeçilik işlerini güýçlendirmek, olaryň dürli nogsanlyklardan daşda durmaklaryny gazanmak, hukuk sowatlylygyny artdyrmak, ýaşlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramaga gönükdirilen çäreleri durmuşa geçirmek, Täze ýyl baýramçylygyny ýokary guramaçylykly garşylamak, türkmeniň döwletlilik ýörelgelerini, milli däp-dessurlaryny giňden wagyz etmek maksady bilen geçirilen duşuşykda edilen çykyşlarda ýurdumyzda hereket edýän Kanunlar we olardan gelip çykýan wezipeler, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ähmiýeti hem-de bu ýörelgäni her bir adamyň durmuşyna ymykly ornaşdyrmak üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan döredilýän giň mümkinçilikler, üstünlikli dabaralanýan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty, ýaş nesilleri halallyga uýýan, mert-merdana, il-halkyny söýýän, watansöýüji, ylym-bilim taýdan ýüküniň ýetik, milliligimize, şöhratly taryhymyza, däp-dessurlarymyza guwanýan we buýsanýan ruhdaky ýaşlar edip terbiýeläp ýetişdirmek, olaryň ýaramaz endiklerden daşda durmaklaryny gazanmak, ýol-ulag hereketiniň kadalary, terbiýeçilik işiniň ähmiýeti we onuň berýän netijeleri, ynsanperwer ýörelgeler, ýaşlaryň eziz Watanymyzyň ösüşlerine goşýan uly goşantlary dogrusynda giňişleýin bellenip geçildi. Şeýle-de, sorag-jogaplar alşyldy.
Mämmetjan BABAÝEW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýat
Geňeşiniň esasy hünärmeni.