Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap Geňeşi etrabyň medeniýet bölümi bilen bilelikde, Gubadag şäher medeniýet merkezinde Täze ýyl baýramyny dabaralandyrmak maksady bilen, «Hoş geldiň Täze ýyl, eziz ülkäme» atly şygar astynda aýdym-sazly baýramçylyk dabarasyny geçirdi. Dabarada etrabyň medeniýet işgärleriniň hem-de Gubadag şäher çagalar sungat mekdebiniň okuwçy ýaşlarynyň ýerine ýetirmeginde Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny, ýurdumyzda ýetilen belent sepgitleri, bagtly çagalygy, bagtyýar ýaşlygy, söýgüli baýramlaryň biri bolan Täze ýyly wasp edýän şirin owazly aýdym-sazlar ýaňlandy. Baýramçylyk dabarasynyň dowamynda Gubadag şäher çagalar sungat mekdebiniň şekillendiriş bölüminiň okuwçylarynyň Täze ýyla bagyşlap çeken suratlarynyň sergisi guraldy.
Laçyn AŞYROWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Boldumsaz etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.