GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «TÜRKMENIŇ DÖWLETLILIK ÝÖRELGESI» ATLY KITABYNDAN

     Watan hakyndaky rowaýatlarda gerçekleriň edermenligi, gaýratlylygy wasp edilýär. Adamyň ömürboýy gazanan baýlygy – tälim-terbiýesi, akyl-paýhasy, ukyp başarnygy, hünäri onuň Watan gymmatlygy babatdaky garaýyşlarynda ýüze çykýar. Bu tymsaly mekdep ýyllarymyzda mugallymlarymyzyň biri gürrüň beripdi. Bir edermen gerçek goňşy oba duşmanyň gelenini eşidýär-de, bedewine atlanýar. Duşman bu gün goňşyňa gelen bolsa, ertir golaý-goltumdaky beýleki obalara-da geler, ilaty horlar. Şu pikir hem ýigidiň serinden çykmaýar. Ol duşman bilen batyrgaý söweşýär, ahyrynda hem ýeňiş gazanýarlar. Betpälleri yzyna serpikdirýärler. Ýöne ýigit agyr ýaralanýar. Obasyna gelýär, onuň tenindäki tyg ýarasyna tebipler em baryny edýärler. Gerçek welin aýňalyp bilmeýär.

     – Pelek işidir. Men pany bilen hoşlaşmaly bolsam, oglumy ýanyna bir gysym Watan topragyny düwünçege sal-da, kerwenlere goşup goýbergin. Ol batyrgaýlygy, gerçekligi, mert söweşmegi öwrensin. Goý, ýurdumyzdan uzaga gidip, güýjüni, edermenligini synap görsün. Uzak illerde başyňy çarap, batyrlygyňy görkezmek aňsat däldir – diýip, aýalyna sargyt edipdir.

     Hawa, soň şol gerçek aradan çykýar. Gelni hem aýdyşy ýaly, ogluny mertlik tälimini öwrenmek üçin uzak ile ugradýar. Oňa:

     – Sag gidip, aman gel. Şu gysym topragy ýanyňdan aýyrmagyn – diýip, äriniň öwredişi ýaly bir gysym topragy hem ogluna berip goýberýär. Bu oglanyň ýoly bikärleriň üstünden düşýär.Oglan her näçe çytraşsa-da, olar bilen güýji deň geljek däl!

     – Bu näme? – diýip, olaryň ekabyry gahar bilen düwünçegi oglanyň elinden alýar.

Ondaky «baýlyk» pikir edişleri ýaly bolmansoň, ýarylara gelen bikärler düwünçekdäki topragyň manysyny soraýarlar. Şonda oglan ýanyna Watan topragyny alyp ýola düşmeginiň sebäbini bolşy ýaly gürrüň berýär-de:

     – Siziň üçin ol ýönekeý gumdur. Meniň üçin bolsa, janymdanam gymmatlydyr. Baş maksadym şol topragy goramakdyr – diýip, pert gepleýär.

Meňzeş habarlar