GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «TÜRKMENIŇ DÖWLETLILIK ÝÖRELGESI» ATLY KITABYNDAN

     Şu ýerde ýüregime jüňk bolan rowaýatlaryň ýene birini gürrüň bereýin. Bir ýolagçy gadymy Wasdan gidip barýarmyşyn. Birden onuň öňünden bir çarwa obasy çykýar. Ony ilki garşy alan hem eli ok-ýaýly aglap oturan oglanjyk diýýär. Onuň bary-ýogy alty-ýedi ýaşy barmyş.

     – Näme üçin aglaýarsyň? – diýip ýolagçy oňa çalgyrt gepläp habar gatýar. Oglan esli aralykdaky gara töňňäni görkezip:

     – Nyşanany urup bilmedim – diýýär.

     Nätanyş onuň başyny sypalap:

     Zeleli ýok, indi täzeden çene-de synanyşyp göräý, nyşanadan urarsyň! – diýýär.

     Ýaňky nätanyşyň aýdyşy ýaly, oglan nyşanadan urýar. Ýöne şonda-da aglaýar.

     – Ýeri indi näme boldy? Sen nyşanadan dogry urduň ahyryn – diýip, ýolagçy oňa geňirgenip seredýär.

     – Ikinji gezekde uranymda näme? Iliň üstüne ýaman niýet bilen gelen adam men haçan dogry uraryn diýip garaşyp oturmaz ahyry – diýip,oňa geňirgenip seredýär.

     –Birinji gezekde urup bilmändigime namys edýärin – diýipdir.

Şonda ýolagçy özüni lampa aşak goýberipdir-de:

     – Beýle adamlaryň arasyndan göni geçip gidip bolmaz – diýip, şol obada birnäçe günläp myhman bolupdyr.

Meňzeş habarlar

21 Ýanwar 2025 | 1655 okalan

AKYLLY ÝANÝOLDAŞ