HOŞ GELDIŇ TÄZE ÝYL BERKARAR ÝURDA

     Golaýda Görogly etrabynyň medeniýet merkezinde geçirilen şatlyk-şowhunly dabara Täze ýyl baýramçylygyna bagyşlandy. «Hoş geldiň täze ýyl Berkarar ýurda» atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasyny Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi bilen etrabyň çagalar sungat mekdebi bilelikde gurady. Täze – 2025-nji ýyly mynasyp garşylamak, çagalaryň baýramçylygyny gutlamak, olaryň baýramçylyk pursatlaryny şatlyk-şagalaňa beslemek maksady bilen geçirilen aýdym-sazly dabarada etrabyň çagalar sungat mekdebiniň okuwçylaryndan düzülen aýdym-saz we tans toparlarynyň çykyşlaryna tomaşa edildi. Ýaňlanan belent mukamlar, joşgunly aýdymlar, milli öwüşgünli tanslar hemmeleriň toý şatlygyny goşalandyryp, ýüreklere ylham eçildi. Şonuň ýaly-da, baýramçylyk çäresinde Görogly etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň nakgaş hünäriniň okuwçylarynyň Täze ýyl baýramçylygynyň dabaralaryny şöhlelendirýän surat sergisi hem guraldy.

 

Altyn ATAKOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Görogly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar