Hormatly Prezidentimiziň «Berkarar döwletimiziň durmuş-ykdysady kuwwaty, medeni ösüşi halkymyzyň bagtyýarlygy we abadançylygy, jemgyýetimiziň sagdynlygy, nesillerimiziň beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösüşi bilen berk baglanyşyklydyr» diýen parasatly sözlerinden ugur alyp sportuň milli göreş görnüşi boýunça bäsleşik geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher Geňeşi tarapyndan ýaş türgenleriň gatnaşmaklarynda berk bedenli we sagdyn ýaşlary kemala getirmek şeýle-de ýaşlaryň bedenterbiýe we sporta bolan höweslerini artdyrmak maksady bilen Gumdag şäherçesiniň 6-njy sport mekdebinde guralan ýaryş «Sagdyn ýaşlar –Watanyň daýanjy» ady bilen geçirildi.
Ýaşlaryň arasynda bedenterbiýäniň we sportuň, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen guralan sport ýaryşy diýseň gyzykly we çekeleşikli ýagdaýda geçdi. Ýaryşda ýeňiji bolan ýaşlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Nartäç GANÝOKMAZOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.