GELJEGIŇ BERK BINÝADY

Ýurdumyzyň bedew batly depginini mundan beýläk hem dowam etmek üçin ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösen, ruhy taýdan sagdyn, işbaşarjaň bolup ýetişmekleri möhümdir. Häzirki wagtda Türkmenistanda jemgyýetimiziň geljegi bolan ýaşlara ählitaraplaýyn goldaw berilýär. Ata-babalarymyzdan miras galan däp-dessurlarymyzyň esasynda mynasyp nesli terbiýeläp ýetişdirmek hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Ýaşlarda mukaddes Watana, onuň gaýtalanmajak tebigatyna söýgi, dost-doganlyk gatnaşyklaryna, maşgala gymmatlyklaryna, zähmete, sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlylygy terbiýelemeklige aýratyn üns berilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň uzak asyrlaryň dowamynda toplan baý durmuş tejribesine, häzirkizaman medeniýetiniň gazananlaryna daýanylyp, türkmen ýaşlarynyň bilim, ylym, medeni we ruhy-ahlak taýdan sazlaşykly ösmegine giň mümkinçilikler döredilýär.

Biz — beýik başlangyçlaryň amala aşyrylýan zamanasynyň bagtyýar ýaşlary. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň amala aşyrýan beýik işleriniň özeninde, ilkinji nobatda, ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň ileri tutulýandygyny tutuş durkumyz bilen duýýarys.

Hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň ylym-bilimli, sagdyn hem ruhubelent bolup ýetişmekleri üçin ähli zerur şertleri döredýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen ýaşlarynyň öňünde duran wezipeleri ýerine ýetirmäge ukyply adamlar bolup ýetişmekleri baradaky tagallalary öz ajaýyp miwesini berýär. Ýaşlar döwür bilen aýakdaş gadam urup, ähli mümkinçilikleriň hözirini görýärler. Olar giň dünýägaraýyşly, sowatly adamlar bolup kemala gelýärler.

Belent ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan ýaşlara uly işler, arzuwlara gol berýän zähmet ýeňişleri garaşýar. Beýik maksatlara ýetmekde türkmen ýaşlaryna uly orun berilýändigi biziň her birimize çäksiz buýsanç bagyşlaýar. Ähli zehinimizi, ukyp-başarnygymyzy, güýç-gaýratymyzy Watanymyza bagyş etmek, mähriban halkymyza ak ýürekden hyzmat etmek her birimiziň mukaddes borjumyzdyr.

Ýaş nesilleriň döwrebap bilim-terbiýe almagy, ylym, hünär öwrenmegi, eşretli durmuşda bagtyýar ýaşamagy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize alkyşlarymyz çäksizdir! Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli amala aşyrýan beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

 

Aýlar JUMAÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby,

TMÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

07 Ýanwar 2025 | 181 okalan

AKYLDARA BELENT SARPA

06 Ýanwar 2025 | 2978 okalan

ÝYLYMYZYŇ ŞYGARY – KALBYMYZYŇ ÇYRAGY