MYHMANSÖÝERLIK HAKDA KELAM AGYZ

Türkmenler myhmana uly hormat goýupdyrlar. Hatda duşmany öýüne myhman bolup gelse-de, onuň hununy geçipdir. Ýa-da myhman bir etmişli bolup gelse, öý eýesi ony yzyndan öç almaga gelenleriň eline bermändir. Ata-babalarymyz myhman garşylamagy häsiýetine siňdiripdirler. Şuňa görä, her gün nahar bişirilende, «myhmanpaýy» goşulyp, bişirilipdir.

Jahankeşde W.A.Tugan Mirza Baranowskiý her bir türkmeniň söz berse, ony hiç haçan, hatda öz janyna we azatlygyna wehim salynsa-da, bozmaýandygy barada ýazgy galdyrypdyr. Türkmenler sypaýylygyny, myhmansöýerlik däbini ähli döwürlerde saklapdyrlar. Myhman Ýaradanyň iberen adamy diýlip, hasap edilipdir. Şonuň üçin biziň ilde dil biten çagadan başlap, gojalara çenli hemmeler «Myhman ataňdan uly» diýen nakyly bilýär we oňa eýerýär.

Brokgauzyň we Ýefronyň 1902-nji ýyldaky ensiklopedik sözlüginde (34-nji jilt) türkmenler hakynda şeýle aýdylýar: «Türkmenleriň häsiýetiniň agdyklyk edýän aýratynlygy — hoşniýetlilik, ýumşaklyk, özüni gurban etmekden gaýtmajak derejede myhmansöýerlik, hatda duşman barada bolsa-da, dogrusözlülik, halallyk, hyruçlylyk, şeýle hem, bulary gaýduwsyzlyk, batyrlyk, edermenlik, gerek bolanda özüňi goramagy başarmak ýaly häsiýetler bezeýär».

 

Taýýarlan: Altyn HOJAMOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby,

TMÝG-niň işjeň agzasy.

Öňki makala

GELJEGIŇ BERK BINÝADY

Indiki makala

GULBABA BAGŞY

Meňzeş habarlar

07 Ýanwar 2025 | 181 okalan

AKYLDARA BELENT SARPA

06 Ýanwar 2025 | 2978 okalan

ÝYLYMYZYŇ ŞYGARY – KALBYMYZYŇ ÇYRAGY