Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher Geňeşiniň hem-de TMÝG-niň «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasynyň bilelikde guramagynda Balkan welaýat kitaphanasynda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan talyp ýaşlaryň arasynda millilik, edep-ekram, maşgala, nesil terbiýesi boýunça «Edep-terbiýe maşgaladan başlanýar» atly şygar bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler maşgala mukaddesligi, ýaşlary millilik ruhunda terbiýelemekde maşgalanyň eýeleýän orny dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler.
Çäräniň ahyrynda ýurdumyzy ösüşiň aýdyň ýoly bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.
Annajemal NURJANOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň «Türkmennebit» döwlet
konserniniň şahamçasynyň esasy hünärmeni.